Türkmenistanda Ýaşlaryň klimatyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek baradaky Ilkinji maslahaty geçirildi

8-nji oktýabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilleri bilen Beýik Britaniýanyň Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda Ýaşlara howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek barada  Ilkinji maslahat”  geçirildi. Maslahata  BMG-niň Türkmenistandaky wekilleri,  Beýik Britaniýanyň Ilçihanasy we italiýanyň Ilçihanasy , SDG ýaş ilçileri , Y-Peers meýletinçileri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Energetika institutynyň, Oba hojalyk institutynyň , Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet institutynyň, Halkara Nebit we Gaz uniwersitetiniň talyplary  gatnaşdylar. Maslahat gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine täsir etmek we uýgunlaşmak barada  pikir alyşdylar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antonio Guterres :“ Parahatçylyk, ykdysady dinamika, ösüş, sosial adalat bularyň hemmesi ýaşlara bagly.”

Gülbahar ÖWEZNIÝAZOWA,

 Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary  institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok