Lebaply ekerançylar gowaçany zyýankeşlerden goramak boýunça çäreleri görýärler

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Lebap welaýaty boýunça ösümlikleri goramak gullugynyň garamagynda häzirki wagtda biokärhanalaryň 130-sy işleýär. Olarda ýetişdirilýän bioönümler, esasan, gowaçany dürli zyýankeşlerden goramakda işjeň peýdalanylýar. Biokärhanalarda gabrobrakon, altyngözlüje we trihogramma ýaly peýdaly mör-möjekler ýetişdirilýär. Olar hem gowaça sowkasyny ýok etmekde ähmiýetlidir.

Şu ýyl Çärjew etrabynyň «Watan» daýhan birleşiginde 1144 gektar ýerde gowaça ýetişdirilýär. Şunça gektar ýere biokärhanalaryň ikisi hyzmat edýär. Bioönümleri meýdana goýbermek işleri aprel aýynyň üçünji ongünlüginden başlanyp, 1-nji awgusta çenli dowam eder.

Teswirler

budget boxspring

Thanks.