26-27-nji iýul aralygynda Täjigistan Respublikasynda Howanyň üýtgemegi boýunça 4-nji Merkezi Aziýa maslahaty geçirildi. Bu maslahat Täjigistan Respublikasynyň Hökümeti bilen Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologik meseleleri boýunça merkezi (CAREC) tarapyndan “Aral deňzi basseýninde howanyň üýtgemeginiň täsirlerine uýgunlaşmak we olary gowşatmak boýunça Maksatnamasy” atly Dünýä bankynyň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň bilelikde alyp barýan taslamanyň çäklerinde geçirildi we ol CAREC-niň döredilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlandy.
Bu ýokary derejedäki çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşawy goramak ulgamyndaky ministrlikleriniň ýolbaşçylary, parlamentleriň, döwlet, ylmy edaralarynyň, jemgyýetçilik hem-de halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň wekilleri şeýle-de ýurdumyzdan Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti maslahatyň işine göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Glazgo şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi barada Çarçuwaly konwensiýasynyň (COP-26) 26-njy mejlisine görülýän taýýarlyklara aýratyn üns berildi.
Teswirler