ÝUNESKO-nyň sekretariatyna Milli hödürnamalar tabşyryldy

23-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentine BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berildi.

Mälim bolşy ýaly, köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijesinde, ýurdumyzyň «Gadymy Merw», «Köneürgenç» we «Gadymy Nusaý» taryhy-medeni ýadygärlikleri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bulardan başga-da «Görogly» şadessany, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury hem-de türkmen milli halyçylyk sungaty Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizildi.

Şu ýylyň başyndan bäri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna Türkmenistanyň köptaraplaýyn we milli hödürnamalaryny girizmek boýunça degişli işler dowam etdirildi. Esasan-da, Özbegistan we Täjigistan bilen bilelikde «Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan — Garagum geçelgesi» hem-de Eýran Yslam Respublikasy bilen bilelikde «Türkmeniň keşdeçilik sungaty» atly köptaraplaýyn hödürnamalar doly taýýarlanylyp, ÝUNESKO-nyň sekretariatyna tabşyryldy. Bu hödürnamalar boýunça çözgütleriň 2022-nji ýylda kabul edilmegine garaşylýar.

Milli hödürnamalarda: ÝUNESKO-nyň «Şäherleriň döredijilik toruna» Aşgabat şäherini girizmek, «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek, Repetek, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek bar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok