Türkmenistanyň sebit syýasaty

Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda ykdysady sebitleri ösdürmek meselelerine uly üns berilip başlandy. Bagtyýarlyk döwrüniň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri ýurdumyzyň sebitleriniň gyradeň ösüşini gazanmakdyr. Hormatly Prezidentimiz özüniň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly kitabynyň 1-nji tomunda şeýle diýýär. “Türkmenistanyň sebitler babatdaky syýasatynyň esasy maksady ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň durmuş-ykdysady taýdan ýokary depginler bilen ösmegini üpjün etmekden, olaryň ýurduň ykdysadyýetini kämilleşdirmäge goşýan goşantlaryny artdyrmakdan, has netijeli infrastrukturany kemala getirmekden, öndürilýän önümleriň bäsleşmäge bolan ukybyny ýokarlandyrmakdan, ilatyň ýaşaýyş derejesini we hilini ýokarlandyrmagyň we umuman, sosial öňegidişligi gazanmagyň esasy hökmünde eksport etmek mümkinçiliklerini giňeltmekden ybaratdyr”.

Sebitleýin syýasatda ýurduň uglewodorod, mineral-çig mal we beýleki tebigy baýlyklaryny iň ýokary derejede hojalyk dolanyşygyna çekmek, tebigy-howa şertlerine we pudaklaryň hereket edýän maksatlaryna baglylykda dürli çäkleýin köpbasgançakly düzümler boýunça oba hojalygynyň zolaklaýyn ýöriteleşdirilişini kämilleşdirmek, sebitlerde bar bolan erkin işçi güýjüni, aýratyn-da, işleriň möwsümleýin görnüşleri bilen işleýän adamlary netijeli peýdalanmak hem-de ýurduň ähli sebitleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini halkara ülňülerine laýyk getirmek boýunça nusgawy şäherleri, etrap merkezlerini we obalary döretmek möhüm orny eýeleýär.

Ýurdumyzyň sebitleýin syýasaty öz içine öndüriji güýçleriň ýerleşişiniň kadalaşdyrylmagyna gönükdirilen hukuk, dolandyryş, sosial we ykdysady çäreleriň toplumyny alýar. Ýurduň ykdysadyýetiniň kadalaşdyrylmagyna çäkleýin çemeleşmegiň güýçlendirilmegi, şeýle-de sebitleriň arasynda rejeli ykdysady aragatnaşyklary üpjün etmek üçin täze ykdysady şertlerde onuň dolandyrylmagy, öndüriji güýçleriň ýerleşişiniň ylmy taýdan esaslandyrylmagy, hojalyk ýöriteleşdirilişi we önümçilik-ykdysady toplumlaryň emele gelmegi bilen sebitleýin meseleleriň ähmiýeti has ösdi.

Hormatly Prezidentimiziň sebit syýasaty her bir welaýatyň tebigy, sosial we ykdysady mümkinçiliklerini nazara almak bilen, ýurdumyzyň welaýatlaryny sosial-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ýokary depginde ösdürmäge gönükdirilendir. Ykdysadyýetiň çäkleýin düzüminiň seljermesi Türkmenistanyň sebitleýin ykdysadyýetiniň ýeterlik derejede ösýändigini görkezdi, aýry-aýry welaýatlar boýunça bolsa jemi sebitleýin önümiň ösüş depginleri Türkmenistan boýunça emele gelen derejeden ýokarydyr. Welaýatlarda ilatyň iş bilen meşgullygyny üpjün edýän zähmet sygymly ýokary önümçilik pudaklary ösdürilýär. Ilatyň jan başyna düşýän jemi sebitleýin önümi yzygiderli ýokarlanýar. Ilatyň jan başyna hasaplanda öndürilýän jemi sebitleýin önümiň derejesindäki sebitler boýunça aratapawutlar azalýar. Bu syýasat «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna»  öz beýanyny tapýar. Muňa mysal edip, Hazar deňziniň ýakasyndaky Esenguly hem-de Balkan welaýatynyň Bereket, Serdar şäherleriniň abadanlaşdyrylmagyny, Magdanly-Garlyk sebitiniň tebigy serişdelerini toplumlaýyn özleşdirilmegini, tarp ýerleriň täzeden dikeldilmegini görkezmek bolar. “Döwlet adam üçindir!”, diýen, many-mazmuny boýunça bir-biri bilen berk baglanyşykly ýörelgäni öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş we ykdysady ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda obalar düýpgöter özgerýär, halkyň saglygyny gorap saklamak üçin täze enjamlar bilen üpjin edilen hassahanalar, ýokary tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler, çagalar baglary, ýokary hilli täze ýaşaýyş jaýlary, täze awtomobil ýollary, gaz, suw we elektrik geçiriji ulgamlaryň müňlerçe kilometri guruldy.

Durmuş-ykdysady ölçegleri giňeltmek, demografiki we ekologiki görkezijileri gowulandyrmak, sebitleriň ilatynyň durmuşyny, önümçiligiň pudaklaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we beýlekiler Türkmenistanyň Prezidentiniň welaýaty we Aşgabat şäherini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň özenini düzýär. Maksatnamada kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilmegi durnukly önümçiligi üpjün etmäge, welaýatlaryň ykdysadyýetini ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmak we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen sebitleriň önümçilik, ykdysady, tehniki, durmuş, hojalyk, bilim-ylym hem-de tebigy serişdeler kuwwatyny artdyrmaga ýardam edýär.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» tutuş ýurdumyzy gyradeňlikde we toplumlaýyn özgertmegiň möhüm başlangyjydyr. Maksatnama esasynda giň gerimli durmuş-ykdysady desgalar gurulýar we ençeme täze etrap-şäherçeler döreýär. Milli maksatnamany maliýeleşdirmegiň möçberi iki esse artdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ähli welaýatlarda ýerleriň tebigy, ykdysady we durmuş mümkinçiliklerinden ugur alýan hojalygyň dürli pudaklaryny ýerleşdirmeklige we ösdürmeklige aýratyn orun berýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda senagatyň ol ýa-da beýleki pudagyna degişli kärhana gurulmadyk, ekerançylyk üçin müňlerçe gektar täze ýerler özleşdirilmedik etrap ýokdyr. Welaýat merkezlerinde täze stadionlar, muzeýler, teatrlar, ýaşaýyş jaýlary, durmuş desgalary gurulýar. Gysga möhletlerde täze döredilen Ruhubelent, Döwletli etraplarynda häzirki zaman desgalar toplumy, abadanlaşdyrylan şäherçeler döredildi. Täze döredilen etraplarda Şasenem, Aşyk Aýdyň, Diýarbekir düzlüklerinde, Amyderýanyň sag kenarynda ýerleşýän Ýylgynagyzda, Bataşda we beýleki tarp ýerlerde oba hojalyk meýdanlarynyň onlarça müň gektary özleşdirilýär. Ýurdumyzyň welaýatlarynyň özgertmeleriň giň möçberli maksatnamasynyň çäklerinde etrap merkezlerinde, etraplardaky şäherlerde, şäherçelerde we uzakdaky obalarda uly gurluşyklar alnyp barylýar. Kiçi we orta şäherlerde, etrap merkezlerinde senagat önümlerini öndürýän, ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryny ösdürmegiň hasabyna ýurduň sebitleriniň öndüriji güýçleriniň ösüş derejelerini deňeçerlemek işleri alnyp barylýar. Bu çäreler ilaty iş ýerleri bilen üpjün etmäge, olaryň sosial-durmuş şeritlerini yzygiderli ýokarlandýrmaga mümkinçilik berýär. 

Türkmenistanyň sebitleriniň birnäçe ýöriteleşdirilen aýratynlyklary bar. Her welaýatyň durmuş-ykdysady mümkünçiligini ählitaraplaýyn ulanmaga gönükdirilen ileri tutulýan wezipeler Milli maksatnamanyň esasyna girizilendir. Geljekde sebitlerde ýokary ylmy-tehniki mümkinçiligiň we innowasion gönükdirmesiniň, önümçiligiň we pudaklaryň ileri tutýan ösüşiniň, ýerli çig malda işleýänleriň, energiýa we serişde tygşytlaýan tehnologiýalary girizmegiň esasynda senagat toplumynyň pudaklaýyn düzümini kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Welaýatlarda täze zawodlary we fabrikleri gurmak üçin iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşyklydyr.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitleýin syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri täze “ykdysady ösüşiň nokatlaryny” döretmek bolup durýar. Bulara, esasan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Hazar deňziniň ýalpagynyň türkmen bölegindäki nebitgaz serişdelerini özleşdirmek, işlenilýän ýataklarda uglewodorod ýangyjyny gazyp almak, ýokary hilli nebit önümlerini daşary ýurtlara çykarmak we bu önümleriň önümçiliginiň möçberini ep-esli ýokarlandyrmak, Günorta-Günbatar Türkmenistanyň subtropik zolaklaryny, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň hem-de Amyderýa kenarýakasynyň oba hojalygy üçin peýdalanylýan ýerlerini, “Galkynyş” gaz känini, Köýtendagyň mineral-çig mal serişdelerini (kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan kombinatynyň gurluşygy) özleşdirmek, mineral dökünleriniň önümçiligi boýunça zawodlary gurmak, Garabogaz köl aýlagynyň tebigy serişdelerini özleşdirmek we ösdürmek degişlidir.

Sebitleýin syýasat Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň giňişleýin ösüşiniň ýokarlanmagyny, her welaýatyň, etrabyň, şäheriň ykdysady ösüşi üçin amatly şertleriň döredilmegini üpjün edýär. Munda ykdysady deňlenmegiň usuly, şeýle hem aýratyn çäklerde döwlet tarapyndan durmuş gollanmasy ulanylýar. Şol bir wagtda sebitleriň ýöriteleşdirilme we integrasiýa ýagdaýlary hem güýçlendirilýär. Täze eýýamda ykdysady we durmuş ylmynyň iň soňky gazananlary esasynda sebitleriň ösüşinde täze tehnologiýalar we usullar giňden ulanylýar. Welaýatlarda täze zawodlary we fabrikleri gurmak üçin iri maýa goýumlary gönükdirilýär. Bu bolsa öz nobatynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak ýaly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny çözmäge mümkinçilik berýär. Sebitlerde telekeçilik gurşawy giňeldilýär, täze iş orunlary döredilýär, hünärmen taýýarlygy berkidilýär, ykdysadyýet diwersifikasiýalaşdyrylýar, amatly artykmaçlyklar netijeli ulanylýar. Ýurduň welaýatlarynda sebitleýin syýasatyň işjeň geçirilmegi netijesinde önümçilik we durmuş desgalary guruldy we gurulýar, kommunikasiýa, ýol-ulag infrastrukturasy ösdürilýär, oba hojalygyndaky oňyn özgertmeler, telekeçilik giň gerime eýe bolýar.  

Hallyberdi BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň uly mugallymy,
geografiýa ylymlarynyň kandidaty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok