Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda wajyp gurluşyklaryň düýbi tutulýar, senagat kärhanalary döwrebaplaşdyrylýar, tehniki we tehnologik taýdan düýpli enjamlaşdyrylýar, oba hojalyk önümçiligi dünýäniň iň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün edilýär, täze ýollar, ulag logistiki we kommunikasiýa ulgamlary döredilýär. Durmuşa geçirilýän döredijilikli çäreleri netijesinde ykdysadyýetimiziň durnukly ösmegi üçin, kuwwatly önümçilik, durmuş we inženerçilik üpjünçilik ulgamynyň binýady ösdürilýär.
Türkmenistanda dünýä ykdysady gatnaşyklarynyň deňhukukly agzasy hökmünde özbaşdak daşary-ykdysady syýasaty amala aşyrýar. Bu ugurda ýurdumyzyň dünýä bazarlaryna çykarýan harytlarynyň görnüşini we gerimini giňeltmek boýunça düýpli işler ýola goýuldy. Ýurtda önümçilik gatnaşyklarynyň täze ugurlary kesgitlenildi. Soňky ýyllarda, ýurdumyzyň halkara gatnaşyklary maksada okgunlylygy, anyklylygy hem-de netijeliligi bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde öňe süren başlangyçlary we teklipleri parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüşiň maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek üçin berk esasa öwrüldi.
Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, döwlet derejesinde esasy ugurlaryň biri bolmak bilen, tebigat gözelligini, suw baýlyklaryny, ýer-toprak we biologiki baýlyklary rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagyny azaltmak, çölleşmä garşy göreşmek ýaly işler döwlet derejesinde giň gerimli hem toplumlaýyn alnyp barylýar, bu çäreleriň durmuşa geçirilmagi bolsa durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň kepilidir.
Daşky gurşawyň statistikasynyň wezipesi daşky gurşaw, tebigy şertler we tebigy baýlyklar barada maglumatlary jemlemekden ybaratdyr. Bu maglumatlaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň görkezjiler binýady hökmünde uly ähmiýete eýedir. Adam özüniň islegini kanagatlandyrmak üçin bolsa, tebigy baýlyklary peýdalanýar we tebigy şertleri ulanýar, bu bolsa daşky gurşawa öz täsirini ýetirýär.
Daşky gurşawyň statistkasy ylmy täze, ýaş, örän tiz ösýän hem-de kämilleşýän we gelejekde dünýä hojalygynda, ykdysady ösüşi gazanmakda, şeýle hem, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde uly ähmiýete eýe boljak ylymdyr. Bu maksatlara ýetmek we doly hem dogry maglumatlar ulgamyny döretmek üçin birnäçe toplumlaýyn häsiýetli wezipeleri çözmäge niýetlenendir. Şeýle maglumatlar ulgamy durnukly ösüşiň monitiring ulgamyny döretmekde we olara seljerme bermekde hem-de çaklamalary düzmekde ähmiýeti uludyr.
Allaberdi Berdiýew
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy
Teswirler