Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuny bellejek ýylymyzyň her bir güni toýdur baýrama, şatlyk-şowhuna beslenýär. Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany ýylyna gadam goýanymyz bäri ýurdumyzda bellenilen şanly seneleriň, tutulýan toý baýramlaryň sanasaň sogaby bar. 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ata-babalarymyzyň arzuwlan erkinligi wysal boldy. Bu gün öz mähriban, asuda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýäris. Garaşsyzlyk bu – biziň baş baýramymyz. Biz oňa buýsanç bilen mukaddes Garaşsyzlygymyz diýýäris. Ýüzümiziň tuwagy, başymyzyň täji bolan ýurt Garaşsyzlygymyz külli türkmeniň bagtynyň çüwmegidir, bagtyýar geljeginiň buşlukçysydyr.
Garaşsyzlygymyzyň otuz ýylyň içinde Türkmenistan halk hojalyk toplumynyň çäkli ugurly bölegini dünýä ykdysadyýetiniň ugruna laýyklykda depginli ösýän özüni üpjün edýän milli modeline öwürmegi üstünlikli amala aşyrdy. Garaşsyzlygyň ilkinji ädimlerinden toplanan serişdäniň ýokary derejesi saýasynda Türkmenistan resurs ykdysadyýetinden senagat-resurs, dürlüleşdirilen ykdysadyýete geçmek üçin, çig mala baglylygyny gowşatmak maksady bilen, maýa goýma syýasatyny işjeň alyp bardy. Netijede diňe daşary ýurt öndürijileriniň tehnikasy we tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan aýry-aýry has döwrebap kärhanalar däl, eýsem giden pudaklar emele geldi.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen telekeçileri ýurduň gurluşyk, söwda, APK, hyzmat sferasynda we ş. m. bazarynda agdyklyk edip başladylar. Bu gün ýurtda köp sanly hususy maldarçylyk toplumlar, dokma önümlerini, hojalyk we kompýuter tehnikasyny, gurluşyk serişdelerini, polimer önümlerini öndürýän kärhanalar işleýärler. Döwrüň talabyna laýyklykda ýerli telekeçiler ulanylan plastiki, kagyzy, polietileni, rezini, agajy gaýtadan işleýän we olardan dürli önüm öndürýän kiçi önümçiligi döredýärler.
Bize ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Yhlas ATAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler