Çagalar – bu biziň geljegimizi ýagtyldýan we nurlandyrýan Güneş. Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň paýhasy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli özgertmeler, gazanylýan ähli ösüşler, üstünlikler nesillerimiziň ýagty geljeginiň hatyrasynadyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: “Türkmen döwleti çagalygy adam ömrüniň möhüm tapgyry hökmünde ykrar edýär hem – de çagalary jemgyýetde doly bahaly durmuşa taýýarlamagy ileri tutmak, olarda jemgyýetçilik ähmiýetli we döredijilik işjeňligini ösdürmek, belent ahlak häsiýetlerini, watançylygy we raýatlylygy terbiýelemek ýörelgelerinden ugur alýar” – diýip belläp geçýär. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň “Bagtyýar çagalyk” atly halkara surat bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik grafika we nakgaşçylyk (akwarel, guaş) ugurlary boýunça geçirilýär. Çagalaryň ýerine ýetiren işleri “Türkmenistan – arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy”, “Men parahatçylygy söýýärin”, “Men Türkmenistan barada surat çekýärin”, “Meniň ülkämiň gözel ýerleri”, “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan”, “Bagtyýar çagalyk” – diýlip atlandyrylýar.
Biziň gelejegimiz bolan çagalaryň çeken suratlarynda ýurduň parahatçylygyny, asudalygyny, agzybirligini görmek bolýar. Olar öz ýerine ýetiren işlerinde Türkmenistan ýurdumyzyň ähli döwletler bilen dost-dogan bolup, agzybir gatnaşýandygyny ussatlarça görkezmegi başarypdyrlar. Mundan başga-da, ýurdumyzda “Halypa – şägirtlik” ýoluna uly üns berilýändigini görmek bolýar. Çekilen suratlarda dürli usullaryň ulanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Suratlary göreniňde çagalaryň eýýämden reňk sazlaşygyny duýup bilýändigini, öz pikirlerini, başarnykly ýerine ýetirip bilýändigini aýtmak gerek.
Ýaş suratkeşler öz çeken suratlarynda diňe bir dünýäni we bagtyýar durmuşy nähili görýändikleri barada gürrüň bermän eýsem, biziň ýurdumyzda çagalaryň aýratyn alada, yssy mähir bilen gurşalyp alynandygyny hem beýan edýärler.
Çagalaryň sungaty bilen ýakyndan tanyşmak sergä gelýänleriň ählisine ýakymly pursatlary paýlaýar. Ýaş zehinleriň özleri üçin bolsa bu pursatlar olaryň durmuşyndaky iň şatlykly wakalaryň birine öwrülýär. Şular ýaly ajaýyp zamanada okamana, döredijilik eserleri bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!
Ogulgerek Pürsýänowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň“Sungaty öwreniş”
kafedrasynyň 1-nji ýyl talyby
Teswirler
Mlds Ogulgerek ustunlik
Mlds pursyanova