Hytaýyň “Long March-5” raketasy Hindi ummanyna gaçdy

Hytaý Halk Respublikasy 29-njy aprelde “Long March-5” raketasyny kosmasa uçurypdy we uçurylandan soň, Tianhi moduly raketadan aýrylyp, meýilleşdirilen orbitasyna giripdi.

Hytaýyň resmi habar agentliginiň berýän maglumatlaryna görä, Hytaýyň kosmos bekediniň modulyny älem giňişligine alyp barýan raketanyň kosmos giňişliginde belli bir bölegi ýanypdyr. Şol ýanan raketa bölekleriniň Ýer şarynyň haýsy bölegine düşjekdigi ähli kişini gyzyklandyrdy.

Dünýäniň hemme ýerinde uly gyzyklanma döreden, bütin gije bu baradaky ýagdaýa gözegçilik eden Hytaý Halk Respublikasy raketanyň bölekleriniň  Hindi ummanyna gaçandygyny mälim etdi. . Bu barada “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  web saýty hem habar berýär.  Maglumatlara görä, 21 tonnalyk raketanyň uly bölegi atmosfera giren wagty ýanyp, böleklere bölünýär we şol bölekler 2.65  dereje demirgazyk giňişlikde, 72.47 dereje gündogar uzynlygynda gaçypdyr. Gaçan raketa bölekleriniň Hindi ummanynda Maldiwleriň töweregine düşendigi aýdylýar

Gyzlargül ANNAGURDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok