Iki hepde öň Malaýziýanyň Türkmenistandaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi jenap Roseli Abdul bilen resmi däl duşuşygymyz boldy. Şol wagt men oňa bu biziň ilkinji duşuşygymyz, emma soňky däldigine umyt edýändigimi aýdypdym. Elbetde iki hepde soň diplomatiki wezipesiniň tamamlanjagyndan habarym ýokdy.
Redaksiýamyz tarapyndan ýazgymyzy kebşirlemek wagt aldy. Şol sebäpli jenap Roseli Abdul öz missiýasyny tamamlamazdan öň ýaýlyma berip ýetişmedik.
Muňa garamazdan şeýle ajaýyp adam bilen Aşgabatdan gitmezden öň söhbetdeş bolup ýetişmegim bilen özümi bagtly hasap edýärin. Örän tejribeli, giň dünýegaraýyşly, dürli gyzyklanmalary bolan bu adam şol bir wagtyň özünde örän mylakatly we pes päl.
Şahsy gyzyklanmalary, bilim, syýahatçylyk, ykdysadyýet we ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýaly dürli temalarda gyzykly gürrüňler etdik.
Gepleşikden bölekleri öňümizdäki ýazgylarymyzda size ýetirerin. Häzirlikçe gepleşimiziň doly görnüşine YouTube kanalymyzda tomaşa edip bilersiňiz.
Merdan Ataýew
InAshgabat redaktory
Teswirler