TTII-de “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” bäsleşigi geçirildi

Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň yglan eden ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýigitleriniň arasynda geçiriljek bäsleşige gatnaşjak talyp ýigidi seçip almak maksady bilen 2021-nji ýylyň aprel aýynyň 22-ne Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyp ýigitleriniň arasynda “Berkarar döwletiň bagtyýar gerçekleri” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.  

Bäsleşige gatnaşan her bir talyp ýigit aşakdaky şertler boýunça çykyş etdiler:

1.  Talyp ýigit özüniň saýlan hünäriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş bilen wasp etdi. Wagty  3 minut (talyp ýigit ýekelikde ýerine ýetirdi).

2. “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly bilen baglanyşykly talyp ýigit özüniň sungata we döredijilige bolan ukybyny görkezip, türkmen ýigidine mahsus bolan ruhubelentlik, edermenlik, mertlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezmek üçin janly sesi bilen aýdym-saz, goşgy ýa-da sahna ýerine ýetirdi. Wagty 6 minut  (çykyş edýän talyp baş rolda bolup, 4-den köp bolmadyk talybyň kömeginden peýdalanmaga rugsat berildi).

3. Talyp ýigit ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdi. Wagty 3 minut.

Bäsleşigiň ýeňijileri:

  Emin agzalary goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijilerini 1-nji, 2-nji hem-de 3-nji orunlar bilen mynasyp talyp ýigitleri yglan etdiler:

1-nji orun:

 Seitow Süleýman – Awtomatika we tehniki ulgamlarda dolandyryş hünäriniň 2-nji ýyl talyby;

2-nji orun:

 Batyrow Umyt – Radioaragatnaşyk, radioýaýlym we telewideniýe hünäriniň 2-nji ýyl talyby;

 Muhammetweliýew Ýunusmyrat – Aragatnaşyk torlary we kommutasiýa ulgamlary-1 hünäriniň 1-nji ýyl talyby;

3-nji orun:

 Täşliýew Serdar – Kompýuter ulgamlarynyň programma üpjünçiligi-3  hünäriniň 1-nji ýyl talyby;

 Parahadow Jeýhun – Biznes-informatika hünäriniň 2-nji ýyl talyby;

                                    Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijiler:

  • hormat haty, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgady bilen sylaglandylar.

Gülsoltan AŞYROWA
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
 informatika institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok