Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň web saýty “mejlis.gov.tm” işe başlady. Saýtda Milli Geňeşiň mejlisiniň gurluşy, alyp barýan işi barada maglumatlar ýerleşdirilendir. Şeýle-de Mejlisiň kabul eden kanunlary, kararlary we kodeksleri web sahypada tapyp bolar.
Umuman saýtda “Habarlar”, “Mejlis hakynda”, “Kanunçylyk”, “Deputatlar”, “Halkara gatnaşyklary” we “Maglumat” bölümlerihereket edýär.
Mundan başga-da web saýtda ýurdumyzyň gündelik habarlary bilen tanyşmak mümkinçiligi bar.
Laçyn HOJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler