Aşgabat – gözelligiň şäheri

Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine

Paýtagtymyz Aşgabatda her ýyl täze binagärlik toplumlary, ýollar peýda bolýar. Olaryň ugrunda has oňaýly ýaşaýyş jaýlary we döwlet edaralary bina edilýär. Şäher öz çägini giňeldýär we özüniň gözelligi bilen görenleri haýrana goýýar. Üstümizdäki ýyl bolsa Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygydyr. Bu şanly senä bagyşlanyp, häzirki wagtda ýurdumyzda uly depginde taýýarlyklar görülýär.

Baýramçylyga mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Aşgabat – gözelligiň şäheri” atly zehinli talyp ýaşlaryň döredijilik sergisi açyldy. Bu  sergide ýokary okuw jaýymyzda bilim alýan ýaş binagärleriň işleri sergilendi.

Sergide “Binagärlik” kafedrasynyň zehinli talyplary Akmuhammet Garaýewiň “Köp ugurly ýaşaýyş jaý toplumy”, Jennet Orazowanyň “600 orunlyk mekdep”, Rüstem Akyýewiň “Orta gatly ýaşaýyş jaýy”, Tawus Meredowanyň “Orta gatly ýaşaýyş jaýy”, Kemran Abdullaýewiň “Az gatly ýaşaýyş jaýy”, Aýhan Kulyýewiň “Az gatly ýaşaýyş jaýy” atly binagärlik taslamalarynda binalaryň ýerleşişi we daşky bezegleriniň amatlylygy, ýönekeýligi bilen tapawutlanyp, täzeçe dünýä ülňülerine laýyk gelýän şertleri göz öňünde tutulypdyr. Maksada okgunly talyplar Aganazar Babanazarowyň, Ahmet Orazmämmedowyň, Mähri Allakulyýewanyň, Hekim Mustafaýewiň, Azady Muhammetnurowyň ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleriniň täzeden dikeldiş işlerine niýetlän taslamalary tomaşaçylaryň ünsüni çekdi.

Maksat Çerkezow,
Türkmenistany Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok