Sportuň küşt görnüşi bilen türgenleşýän doganlar – Nurana, Perwana, Ybraýym Serdarowlar özleriniň okuwdan boş wagtlaryny akylyň ajaýyp maşky bolan küşt oýny bilen meşgullanmaga sarp edýärler.
Doganlaryň ählisiniň küştden 1-nji, 2-nji derejeleri bolup, olar paýtagtymyzda ýerleşýän Küşt we şaşka mekdebinde tälimçi Aýnur Isaýewadan tälim alýarlar.
Küştçi doganlar Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebinde okap, şol mekdepde yzygiderli geçirilýän küşt ýaryşlaryna gatnaşýarlar we öňdäki orunlara mynasyp bolýarlar.
2-nji synpyň okuwçysy Perwana Serdarowa heniz 6 ýaşyndaka Aşgabat şäheriniň açyk birinjiliginde 2-nji orna, 7 ýaşynda 9 oýundan 9 utuk toplap 1-nji orna mynasyp bolýar. 7 ýaşynda Türkmenistanyň birinjiliginde 2-nji orny eýeleýär.
Serdarowa Nurana häzirki wagtda 5-nji synpda okap, Türkmenistanyň birinjiliginde ençeme gezek 1-nji, 2-nji orunlara eýe boldy. Aşgabat şäheriniň birinjiliginde 2-nji orna mynasyp boldy. Ýakynda 27-nji orta mekdepde derejeli küştçileriň arasynda geçirilen bäsleşikde 3-nji orna mynasyp bolmagy başardy.
Serdarow Ybrayým 3-nji synpda okap, hüjümçi küştçi hökmünde tanalýar. Ybraýym Lebap welaýatynda oglanlarynyň arasynda geçirilen çempionata gatnaşyp, hormatly 1-nji orna mynasyp boldy.
Küştçi doganlara halkara ýaryşlarynda çykyş edip, altyn medallaryň ençemesini gazanmagy arzuw edýäris.
Maýsa Öwezowa
FIDE-niň ussady
Teswirler