Bütindünýä bank guramasynyň 2021-nji ýyl üçin ykdysady çaklamalary

Bütindünýä bank guramasy 2021-nji ýylyň dünýä ykdysadyýetiniň 4% ösmegine garaşýar.

Ýanwar aýynyň “global ykdysady perspektiwalaryna” laýyklykda aýgytly hereketler edilmeli we 2020-nji ýyldaky 4,3% peselişden soň dünýä ykdysadyýeti ýene-de ösýän hem bolsa, dünýädäki soňky çylşyrymly ýagdaýlar uzak wagtyň dowamynda ykdysady işjeňligi we girdejileri peseldip biler. “Soňky ýagdaýlaryň täsirini ýeňip geçmek üçin iş gurşawyny gowulandyrmaly, zähmet we önüm bazaryndaky çeýeligi ýokarlandyrmaly” diýip, Bütindünýä bank guramasy habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, soňky wakalaryň oňaýsyz täsirini öňüni almaklyk üçin dünýä ykdysadyýetiniň üstünden gözegçiligi üstünlikli amala aşyrylýar. Eger-de, dünýä ykdysadyýeti şeýle depginde össe, onuň ösüşi 5%-e çenli hem artyp biler.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda jemi içerki önümiň 2020-nji ýylda 3,6% peselmeginden soň, şu ýyl takmynan 3,5 %-e çenli ýokarlanmagyna garaşylýar. Ýewropa zolagynda önümiň 7,4% pese gaçmagyndan soň, şu ýyl 3,6% ösmegine garaşylýar. 2020-nji ýylda 5,3% azalan bolsa, Ýaponiýada 2021-nji ýylda 2,5% ösjekdigi çaklanylýar.

Geçen ýyl 2% ösüşden soň, Hytaýyň ykdysadyýetiniň şu ýyl 7,9% ösmegine garaşylýar. Hytaýy hasaba almasaň, ösüp barýan ýurtlarda 2020-nji ýylda 5% peselişden soň, 2021-nji ýylda 3,4% öser diýlip çaklanylýar. Pes girdejili ýurtlaryň arasynda 2020-nji ýylda 0.9% peselişden soň, 2021–nji ýylda işjeňlik 3,3% ýokarlanar.

Uzak möhletde ösüp barýan bazarda we ösýän ýurtlarda saglygy goraýyş we bilim hyzmatlaryny, sanly infrastrukturany, klimatyň durnuklylygyny, işewürlik we dolandyryş tejribesini gowulandyrmak alyp barylýan syýasatlary ykdysady zyýany azaltmaga, umumy abadançylygy ösdürmäge kömek eder. Döwlet çykdajylarynyň azalmagy we karzlaryň ýokarlanmagy sebäpli, sazlaşykly ösüşi höweslendirmek üçin institusional özgertmeler aýratyn möhümdir.

.

Goňurow Berdinyýaz,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok