- Çaý biziň eýýamymyzdan öňki 2737-nji ýylda ilkinji gezek hytaý imperatory Şen Ningiň çaýyň guran ýapragyny tötänlikde gaýnag suwa gaçyrmagy bilen ýüze çykýar.
- Ýer ýüzünde çaýyň 1500-e golaý görnüşi bardyr.
- ABŞ-da takmynan, ilatyň 85 göterimi sowuk, 15 göterimi bolsa gyzgyn çaý içýär.
- Hytaýda gara çaý «Gyzyl çaý» diýlip atlandyrylýar.
- Häzirki wagtda dünýäde içilýän çaýyň 75 göterimi gara çaýdyr.
- Günbatarda çaý 400 ýyla golaý, Gündogarda bolsa 5 müň ýyldan gowrak wagtdan bäri içilýär.
- ABŞ-nyň Sent-Luis şäherinde ilkinji gezek 1904-nji ýylda geçirilen halkara sergisinde sowuk çaý iňlis telekeçisi tarapyndan hödürlenilýär.
- Irlandiýa dünýäniň iň köp çaý içilýän ýeridir.
- Çaý ýer ýüzünde suwdan soňra içilýän iň köp içgidir.
- Hytaý çaý öndürmekde ýer ýüzünde birinji, Hindistan bolsa sanawda ikinji orny eýeleýär.
- Çaý ABŞ-da diňe Günorta Karolina ştatynda öndürilýär.
- ABŞ-da 1904-nji ýylda ilkinji gezek haltajykly çaýlar peýda bolup, telekeçi Tomas Salliwan tarapyndan satuwa çykarylýar.
Taganow AHMET,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby
Teswirler