Möý adam öýden uzakda bolsa-da, tomaşaça ýakyn

Ynsan balasy özüni islendik howpdan goraýan kişini, adamy gahryman hasaplaýar we hemişe-de gahrymanlary eý görýär, olary hemmeden ýokary tutýar. Şol sebäpli-de gahrymançylykly wakalaryň beýan edilýän filmleri elmydama geçginli bolýar. Häzirki wagtda Golliwuda maliýe babatda uly goşant goşýan “Marvel hem-de “DC Comics şereketleriniň öndürýän kinolary bütin dünýäni özüne maýyl edýär. Aýratynam “Marvel-iň filmleri has gowy görülýär. Şereketiň soňky kinosy häzirki wagtda paýtagtymyzdaky Berkarar kinoteatrynda hem görkezilýän “Möý adam: öýden uzakda” (Spider Man: Far from Home) barada kelam-agyz.

Aslynda, dilden aňsat, soňky 17 ýylda Möý adam barada 11 film ekranlaşdyryldy (animasiýalary hasaba almanymyzda). Başgaça aýdylanda, Piter Parkeriň ýa-da has ýörgünli ady Möý adamyň başdan geçiren wakalary we ýoldaşlaryny, raýatlary dürli howplardan öz usuly bilen halas edişi baradaky 11 filme tomaşa etdik. Aýratynam soňky 2 nusgasy, has takygy, Möý adamyň keşbini Tom Hollandyň janlandyryp başlanyndan bäri “Möý adam” kinolary has öňe saýlanyp başlady. Piter Parker ýa-da Möý adam “Marvel”-iň başga bir abraýy uly hyýaly gahrymanlaryndan Demir adamyň (Toni Starkyň) “Avengers” filmleriniň soňky nusgalarynda pese gaçyp başlan liderlik pozisiýasyny ele alyp ugran ýaly. Esasan hem çagalaryň söýgüli gahrymany bolan Möý adamyň täze kinosyndaky wakalar filmiň adyndan hem belli bolşy ýaly Ýewropada geçýär. Ýagny Nýu-Ýorkdaky öýünden daşda Möý adam ýene-de öz ýoldaşlaryny, synpdaşlaryny duşmanyň howpundan halas etmeli bolýar. 130 minutlap dowam edýän bu blokbastere tomaşa edenler wagtyň suw deýin tiz akyp geçýändigini belleýärler.

Tomaşaçynyň bir minut hem bolsa, ünsüni sowmaýan täze filme mundan öňki “Möý adam” filmini hem surata düşüren Jon Watts režissýorlyk etdi. Filmiň aglaba bölümi Angliýanyň Herdfordşaýr şäherçesinde, paýtagty Londonda, Italiýanyň dünýä belli syýahatçylyk şäheri Wenesiýada, Çehiýanyň paýtagty Praga hem-de Liberes şäherlerinde, elbetde Möý adamyň öýi hasaplanýan Nýu-Ýorkda surata düşürildi. Filmiň ssenarisi Kris Makkenna bilen Erik Sommersiň galamyndan çykdy. Filmi “Ratatuý” (Ratatouille), “Ýokary” (Up) ýaly animasiýalaryň, Lost teleserialynyň sazyny döreden italiýaly kompozitor Maýkl Jakkino saz bilen bezedi. Filmde surata düşen artistler barada-da aýtsak, baş keşbi – Piter Parkeriň keşbini Tom Holland janlandyrýar. Mälim bolşy ýaly, ýaş aktýor 2012-nji ýylda surata düşürilen “The Impossible” filmindäki keşbi bilen adygypdy. “Marvel”-iň beýleki filmlerinde-de surata düşýän meşhur aktýor onlarça filmde çykyş eden Samuel L. Jekson bu kinoda-da Nik Fýuriniň keşbini ýerine ýetirýär. Piter Parkeriň söýgülisiniň keşbinde ýaş aýdymçy gyz Zendaýa çykyş edýär. Filmiň otrisatel keşbinde, Möý adamyň garşysyna göreşýän Mysterionyň keşbinde, Golliwudyň tanymal aktýory Jeýk Jillenhaal surata düşdi. Mahlasy, Möý adamyň täze başdan geçirmeleri bilermenlerden hatda kinokritiklerden hem pes baha almady. Ýogsam kinokritikler aňsat-aňsat “entertainment” (güýmenje) üçin, başgarak sözler bilen beýan etsek, girdeji üçin düşürilen filmlere o diýen ýokary baha bermeýärler. Olar aglaba kinematografik terminleri özünde jemleýän filmleri öňe çykarýarlar.  

Filmdäki hadysalara ser salanymyzda, kinodaky wakalar “Avengers: Endgame” filminden soň bolup geçýär. “Marvel”-iň hyýaly gahrymanlary duşman Tanosy ýeňmek üçin köp göreşmeli bolýar. Netijede ýeňiş gazanmak ýeňil düşmeýär. Bu göreş käbir ýitgilere sezewar bolýa, ggyr ýaralar salýar, ýadawlyk berýär. Bu wakalaryň ýadawlygyndan saplanmak üçin Piter Parker synpdaşlary bilen Ýewropa gezelenje gidýär. Ýöne oňa bu ýerde “güýmenje” tapylýar. Piter Parkere dynç alyşda-da oňa gün ýok. Bu ýerde-de bir hemmä howp bolup abanyp duran duşman tapylýar. Piter Parker ýa-da Möý adam hem gol gowşuryp oturmaýar, dessine herekete geçýär. Özi bilen bir hatarda, ýoldaşlaryny we beýleki adamlary Mysterionyň gazabyndan halas etmek üçin elinden geleni gaýgyrmaýar. Elbetde oňa Nik Fýuri hem uly ýardam berýär…

Wagtal-wagtal tomaşaçyny güldürýän bu film üçin prodýuserleriň jübüsinden 160 million dollar çykdy. Görkezilip başlananyna köp wagt geçmedik kinonyň şu wagta çenli kinoteatrlardan ýygnany 850 million dollara golaýlady. Filmiň 1 milliard dollara ýetmegine garaşylýar.

3D we IMAX aýratynlyklary bolan filme “imdb” saýtynyň ulanyjylary 8 utuk beripdirler. Şonuň ýaly-da “Rotten Tomatoes” saýtynyň ulanyjylary-da 7,44 utuk beripdir. Mahlasy, käbir temada “Marvel”-iň beýleki filmlerinden az-owlak tapawutlanýan “Möý adam: öýden uzakda” filmine tomaşa etseňiz ökünmersiňiz.

Hajymyrat Söýünow,
žurnalist.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok