Oba hojalygyny ösdürmek – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşiň batly gadamlaryny nazarlaýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz barha ösýär, dünýä ýüzündäki at-abraýy has-da arşa galýar. Berkararlygyň binýadynda, bagtyýar zamanamyzyň goýnunda türkmen halkymyz abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşaýar. Ýurdy ösdürmegiň esasy görkezijisi bolan ykdysadyýetiň ugurlaryna has netijeli usullaryň ornaşdyrylmagy, pudaklaryň, önümçilikleriň döwrebaplaşdyrylmagy, senagat pudaklarynyň depginli ösdürilmegi netijesinde ýurdumyz täze keşbe eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda döwletimiziň oba hojalyk ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz obasenagat toplumynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegine uly üns berýär. Çünki bu toplum ýurdumyzyň azyk bolçulygy bilen üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi, abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan möhüm sütündir. Bu ulgamda dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberiniň günsaýyn artdyrylmagyna, toplumyň senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar.

“Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” geljek 30 ýylda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, durmuş-medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmegiň möhüm wezipeleri göz öňünde tutulýar. Onda beýleki ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagyny ösdürmek babatdaky wajyp meselelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda oba ilatynyň öndürijilikli zähmet çekmegi, halal zähmeti bilen baýamagy, ýurdumyzda oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl almak üçin ähli şertler döredilýär. Daýhanlar häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar, dürli himikatlar we beýleki serişdeler bilen doly üpjün edilýär.

Ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmekde kiçi we orta telekeçiligi goldamaga gönükdirilen çärelere uly orun degişlidir. Milli ykdysadyýetiň hususy pudagyny ösdürmäge, häzirki zaman telekeçilik ulgamyny döretmäge ýardam berilýär. Hormatly Prezidentimiz hususy taraplara täze bazarlary we ýerlemegiň görnüşlerini gözlemekde goldaw berip, ýurdumyzda öndürilen önümleriň alyjylar bazarynda ýerlenýän möçberleriniň artdyrylmalydygy babatda möhüm kararlary kabul edýär.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge, sürümli ýerleriň şoruny ýuwmaga, hapa suwlary tygşytlamaga we netijeli ulanmaga gönükdirilen barlaglary geçirmek, şorlaşan ýerlerde oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň innowasion usullaryny we tehnologiýalaryny ornaşdyrmak zerurdyr. Alnyp barylýan barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyryp, ýurdumyzda we dünýäde ylmyň gazanan üstünliklerini önümçilige ornaşdyrmagyň hem-de ylmy-tehniki maksatnamalary utgaşdyrmagy gowulandyrmagyň wajyp wezipedigi üns merkezinde saklanylýar.

Leýli ANNAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok