Magtymguly Pyragy türkmeniň görnükli akyldary, türkmen edebi diliniň düýbüni tutujylaryň biridir. Beýik türkmen şahyrynyň watançylyk, mertlik, geçirimlilik, ynsanperwerlik, raýdaşlyk, rehimdarlyk, myhmansöýerlik häsiýetleri baradaky goşgulary terbiýeçilik mekdepdir. Şahyr Watan, watansöýüjilik baradaky düşünjäni has-da belende göterýär. Onuň çuň many-mazmuna, ynsanperwerlige ýugrulan döredijiliginiň içinden watançylyk duýgulary eriş-argaç bolup geçýär.
Magtymguly Pyragy XVIII asyr türkmen edebiýatynda uly öwrülişik eden beýik şahsyýet. Ilki bilen, akyldar şahyr halk köpçüligine düşnüksiz bolan arap, pars dillerinde şygyr ýazmakdan saklanyp, hakdan içen ussatlygy bilen, halka düşnükli, sada dilimizi saýlap alypdyr. Şahyryň döredijiliginiň halka ýakynlygy hem hut şundandyr.
Galyberse-de, Magtymguly Pyragy ylym ussady Döwletmämmet Azadynyň täsiri bilen, milli şygryýeti dünýä berdi. Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasyny, tutuş Gündogaryň ylmy-medeni dünýäsine ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek hem-de beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp belläp geçmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.
Bu gün şahyryň ykbalyny, baky döredijiligini bütin dünýä öwrenýär, terjimehalyny bolsa bagtyýar döwrümiz ýazýar. Häzir türkmen halky, şahyryň öz dili bilen aýtsak, çoh garaşylan ajap eýýamda hem-de berkarar döwletde ýaşaýar. Ady älem içre dolan bu berkarar döwletiň başynda bolsa Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz dur.
Goý, Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!
Maýa BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler