Magtymguly Pyragy — adamzat kalbynyň şahyry

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy türk­me­niň gör­nük­li akyl­da­ry, türk­men ede­bi di­li­niň düý­bü­ni tu­tu­jy­la­ryň bi­ri­dir. Be­ýik türk­men şa­hy­ry­nyň wa­tan­çy­ly­k, mert­lik, ge­çi­rim­li­lik, yn­san­per­wer­lik, raý­daş­lyk, re­him­dar­lyk, myh­man­sö­ýer­lik hä­si­ýet­le­ri ba­ra­da­ky goş­gu­la­ry ter­bi­ýe­çi­lik mek­de­pdir. Şa­hyr Wa­tan, wa­tan­sö­ýü­ji­lik ba­ra­da­ky dü­şün­jä­ni has-da be­len­de gö­ter­ýär. Onuň çuň ma­ny-maz­mu­na, yn­san­per­wer­li­ge ýug­ru­lan dö­re­di­ji­li­gi­niň için­den wa­tan­çy­lyk duý­gu­la­ry eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy XVIII asyr türk­men ede­bi­ýa­tyn­da uly öw­rü­li­şik eden be­ýik şah­sy­ýet. Il­ki bi­len, akyl­dar şa­hyr halk köp­çü­li­gi­ne düş­nük­siz bo­lan arap, pars dil­le­rin­de şy­gyr ýaz­mak­dan sak­la­nyp, hak­dan içen us­sat­ly­gy bi­len, hal­ka düş­nük­li, sa­da di­li­mi­zi saý­lap alyp­dyr. Şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gi­niň hal­ka ýa­kyn­ly­gy hem hut şun­dan­dyr.

Ga­ly­ber­se-de, Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy ylym us­sa­dy Döw­let­mäm­met Aza­dy­nyň tä­siri bi­len, mil­li şyg­ry­ýe­ti dün­ýä ber­di. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň al­tyn ha­zy­na­sy­na gi­ren gym­mat­ly ede­bi mi­ra­sy­ny, tu­tuş Gün­do­ga­ryň yl­my-me­de­ni dün­ýä­si­ne ýe­ti­ren tä­si­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mek hem-de be­ýik akyl­da­ryň dog­lan gü­nü­niň 300 ýyl­ly­gy­ny hal­ka­ra de­re­je­de my­na­syp bel­läp geç­mek mö­hüm we­zi­pe­ler hök­mün­de kes­git­le­nil­di.

Bu gün şahyryň ykbalyny, baky döredijiligini bütin dünýä öwrenýär, terjimehalyny bolsa bagtyýar döwrümiz ýazýar. Häzir türkmen halky, şahyryň öz dili bilen aýtsak, çoh garaşylan ajap eýýamda hem-de berkarar döwletde ýaşaýar. Ady älem içre dolan bu berkarar döwletiň başynda bolsa Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Serdarymyz dur.

Goý, Pyragynyň arzuwlan döwletiniň, ajaýyp zamanasynyň abraý-mertebesini tug deýin göterip, ýagty geljege sary ynamly öňe barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Maýa BAÝRAMOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok