TÜRKMENISTANYŇ ENERGETIKA DIPLOMATIÝASYNYŇ ÝANGYÇ – ENERGIÝA SERIŞDELERINI DÜNÝÄ BAZARLARYNA ÇYKARMAKDAKY ÄHMIÝETI

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda hem Milli Liderimiziň ýangyç-energetika diplomatiýasy ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň döwrebaplaşdyrylmagyny, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmaga gönükdirilen köpugurly turbageçirjiler düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär. Biziň ýurdumyz häzirki wagtda milli senagatyň, oba hojalygynyň we ilatyň tebigy gaza, elektrik energiýasyna, nebit önümleriniň köp görnüşlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, halkara bazarlaryna energiýa serişdelerini hem-de nebithimýa önümlerini uly möçberde eksport edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümlerini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, türkmen energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli özara gatnaşyklary ösdürmek boýunça anyk çäreler geçirilýär. Bu ugurda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet ähmiýetli başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ählumumy goldawa eýe bolýar.

Türkmen döwletiniň daşary syýasy strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi köp babatda onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň geljekde depginli ösüşlere eýe bolmagyny nazarlaýar. Türkmenistan, dünýaniň energetika kuwwatyna eýe bolan öňdebaryjy döwletleriň biri hökmünde tanalýar we dünýä bileleşiginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistanda energiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen we alnyp barylýan işjeň halkara hyzmatdaşlygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika başlangyçlary halkara howpsuzlygynyň
giň ulgamyny üpjün etmek babatynda mäkäm institusional esaslaryň döredilmegine gönükdirilendir. Bu bolsa energiýa üpjünçiliginiň häzirki zaman ykdysadyýetini ösdürmegiň esasy faktory bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde energiýa serişdelerini eksport edýän iri döwlet hökmünde tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynda energetika diplomatiýasy öňe ilerleýän pudaga öwrüldi. Ýurdumyzyň ýangyç energetika diplomatiýasy halkara bileleşiginiň ählumumy maksatlaryna laýyklykda uly ösüşlere eýe bolýar. Şeýle ösüşleriň özeninde hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diýen taglymaty ýol görkezijidir. Ýurdumyzyň energiýa ulgamyny döwrebap derejede ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň dünýäde giň goldawa eýe bolan konseptual
garaýyşlarynyň we konstruktiw başlangyçlarynyň iş ýüzünde ýokary netijelere eýe bolýandygy bellärliklidir. Şunuň bilen baglylykda dünýä derejesinde, energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara mehanizminiň döredilmegi we bu ugryň utgaşykly alnyp barylmagy anyk maksatlara gönükdirilýär. Ol bolsa ýangyç-energetika serişdeleriniň eksport edilmegini, howpsuz we üstaşyr geçirilmegini, bu ugurda tagallalary birleşdirilmegi göz öňünde tutýar. Milli Liderimiz BMG-niň
Baş Assambleýasynyň mejlislerinde we BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň maslahatynda transmilli turbageçirijileri, energetika, ulag-aragatnaşyk düzüminiň beýleki desgalaryny gurmak we ulanmak ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen ýörite halkara Konwensiýasyny işläp taýýarlamak başlangyjy bilen çykyş edip, bu gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny kesgitledi.

2007-nji ýylda bu pikir işjeň öňe sürlüp başlanýar we bu ugurdaky energiýa
howpsuzlygy hem-de halkara tagallalary birleşdirmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidentiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisiniň münberinde eden çykyşlarynyň her birinde gozgalýar. Bu ýagdaýyň tapgyrlaýyn sepgitleri hökmünde 2008-nji ýylyň dekabrynda, 2013-nji ýylyň maý aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynda “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” atly Rezolýusiýalary kabul edildi.

Rezolýusiýalaryň kabul edilmeginiň wajyplygy ilkinji nobatda onuň
energetika ulgamyndaky global hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça täze,
umumylaşdyrylan resminamany işläp düzmek boýunça halkara bilermenler toparyny döretmegiň we hereket etmegiň esasyny goýýandygyndan ybaratdyr.

Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy globallaşmanyň hem-de tehnika
we tehnologiýanyň çalt ösýän, ylmyň we öňdebaryjy ylmy barlaglaryň gazananlarynyň ornaşdyrylýan häzirki zaman şertlerindäki halkara bileleşiginiň durmuşa geçirýän toplumlaýyn tagallalarynda garalýan durnukly ösüşiň global geljegi bilen berk baglanşyklydyr.

Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan gaz geçirjisiniň
taslamasy hormatly Prezidentimiz tarapyndan işlenip taýýarlanan Türkmenistanyň energetika syýasatynyň çäklerinde durmuşa geçirýän halkara ähmiýetli taslamalaryň hataryna girýär.

Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, umumy
uzynlygy, takmynan, 1800 kilometrden gowrak bolan bu ägirt uly gaz geçiriji öz nobatynda diňe energogöteriji bolman, eýsem taslama gatnaşyjy döwletleriň ykdysady kuwwatlylygyny pugtalandyryjy bolup hyzmat eder. TOPH gaz geçirijisi Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşen “Galkynyş” gaz käniniň tebigy baýlyklaryny Hindistanyň Fazilka ilatly nokadyna çenli elter. Bu gaz geçiriji boýunça her ýylda 33 milliard kubmetre çenli gaz akdyrmak meýilleşdirilýär. Bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda taslama gatnaşyjy ähli ýurtlar degişli tagallalary edýärler. Çünki, türkmen tebigy gazy sarp ediji ýurtlaryň
ählisiniň ykdysady mümkinçilikleriniň, senagatynyň ilerlemeginde möhüm ädim bolup durýar.

2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda
we Owganystanyň Gerat şäherinde Türkmenistan – Owganystan – Pakistan − Hindistan (TOPH) gaz geçirjisiniň täze böleginiň gurluşygyna Badalga berildi. Türkmenistan – Owganystan − Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy, şeýle-de Serhetabat-Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň 69-
njy mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňe süren teklipleri esasynda, 2014-nji ýylyň 19-njy dekabrynda “Durnulky ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda “Durnulky köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda” atly Rezolýusiýalar kabul edildi. 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda bolsa üçünji gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 74-nji mejlisinde “Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanşygyny berkitmek” atly Rezolýusiýanyň bir agyzdan kabul edilmegi türkmen döwletiniň alyp barýan ýangyç-energetika diplomatiýasynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Şeýlelikde, tebigy gazyň senagatda barha giňden ulanylmagy bilen, dünýäde oňa bolan isleg hem dunukly ýokarlanýar. Bu islegler 2030-njy ýyla çenli iki esse artyp biler. Türkmen gazy Hindistanyň we Pakistanyň mawy ýangyja bolan artýan isleglerini kanagatlandyryp biler. Häzirki wagtda Hindistan gazy suwuklandyrylan görnüşde satyn alýar we ony tankerler bilen daşaýar. TOPH taslamasy durmuşa geçirilenden soň, Hindistan özüniň mawy ýangyja bolan islegini üznüksiz derejede kanagatlandyrar. Şeýle hem bu taslama üstaşyr geçirýän Owganystanda energiýa serişdeleriniň ýetmezçiligini azaldar. Häzirki wagtda Bangladeş döwletiniň hem bu taslama gyzyklanma bildirýändigi mälimdir. Munuň özi taslamanyň sebit ýurtlary üçin özüne çekijiligine şaýatlyk edýär.

TOPH ýaly ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilmegi gatnaşyjy döwletler
üçin, ilkinji nobatda, ykdysady jähetden bähbitli bolmak bilen, gatnaşyjy yurtlara möhüm durmuş meselelerini çözmäge täsir eder. Taslama goşmaça iş orunlaryny döretmek, gaz geçirijisiniň ugrunda ulag-aragatnaşyk we durmuş düzümlerini gurmak ýaly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Bu gazgeçiriji dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, ählumumy abadançylygy pugtalandyrmak ýolunda netijeli hyzmatdaşlygyň özboluşly köprüsine öwrüler.

Döwletimiziň ýangyç-energetika diplomatiýasynyň halkara gurmalary bilen
alyp barýan hyzmatdaşlyklarynyň çäklerinde giň goldawa eýe bolýandygyny görmek bolýar. Bu dogrusynda Hormatly Prezidentimiz: “EKO-nyň giňişliginde energetika ugurlaryny döretmäge, biziň döwletlerimiziň gatnaşmagynda energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge hem möhüm wezipe hökmünde serdeýäris. Häzirki wagtda Türkmenistan hyzmatdaşlary bilen bilelikde, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan − Hindistan gaz geçirjisini gurýar. Munuň özi oňaýly we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň mysalydyr.

Türkmenistan – Özbegistan – Täjigistan – Owganystan − Pakistan hem-de
Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugurlary boýunça elektrik energiýasyny ibermegiň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem netijeli işler alnyp barylýar. Ýöne men EKO sebitiniň içinde hem, onuň çäklerinden daşary çykýan goşmaça energetika ugurlarynyň hem biziň üçin zerurdygyna ynanýaryn” [1] diýip belleýär.

Sebit hem-de dünýä ähmiýetli iri başlangyçlary öňe sürýän hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan il-yurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw edýäris!

EDEBIÝATLAR

  1. Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde eden çykyşynda
    (2021-nji ýylyň 4-nji marty). Mugallymlar gazeti 2021-nji ýylyň 8-nji marty, duşenbe. Sah 2.

Hoşgeldi TAHYROW,
Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok