Gaz senagaty. Türkmenistanyň ýangyç energetika toplumynyň düzüminde gaz senagaty aýratyn orun tutýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen halkymyz tebigy gazdan ýerlikli we tygşytly peýdalanýarlar. Häzirki wagtda oba- şäherlerimiziň ähli künjegi gaz bilen üpjünleşdirildi.
Soňky ýyllaryň içinde Türkmenistanda gaz senagatyny 1966-njy ýylda Ojak gaz käniniň açylmagy bilen döredi.1974-1984-nji ýyllarda Şatlyk, Döwletabat, Üçajy, Seýrap, Şorköl, 1986-njy Malaý we Samandepe ýataklarynyň işe girizilmegi gazyň 90 milliard kubmetra ýetirmäge mümkinçilik berdi. Häzirki wagtda Günorta we Gündogar Türkmenistan tebigy gazyň gorunyň iň köp toplanan sebitdir. Bu sebitde açylan gaz we gaz kondensatly ýataklarynyň sany 60-dan geçýär.
Tebigy gazyň esasy bölegi uly gorlary bolan Kükürtli, Kerpiçli, Samandepe, Naýyp, Ojak, Malaý Üçajy, Balguýy, Galkynyş, Şatlyk, Böwürdeşik, Döwletabat, Bagaja känlerinden çykarylýar. Merkezi Garagumda hem gaz känleriniň 16-syndan gaz çykarylýar. Şeýle hem Günorta Ýolöten-Osman Minara we Ýaşlar ýataklaryny birleşdirýän ,,Galkynyş’’ gaz käni Türkmenistanda iň iri ýataklaryň biridir. Galkynyş käninde we onuň golaýynda ýerleşýän geljegi uly Günorta Garaköl, Garaköl, Jürji, Gündogar Ýolöten, Gündogar Ýandakly meýdanlarynda geologiýa gözleg işleri uly depginde gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär.
Gaz geçirjileri. Gaz senagatynyň möhüm düzüm bölegi gaz geçirjiler ulgamydyr. Känlerden çykarylýan gaz sarp edijilere gaz geçirjiler arkaly ugradylýar. Ýurdumyzyň içindäki Goturdepe-Belek Türkmenbaşy, Balkanabat- Belek, Mollaker-Mary, Sakar-Türkmenabat-Galkynyş, Maýsk-Aşgabat-Abadan, Merkezi Garagum-Ýylanly, Döwletabat-Derýalyk we beýleki gaz geçirjiler hereket edýär. Häzirki wagtda ,,Türkmen gaz” döwlet konserni 28 sany gazly we gaz kondensatly ýataklary işläp taýýarlaýar.
Durmuşa geçirilýän iri taslamalar. Türkmenistanyň geosyýasy we ykdysady ýerleşişi, ýangyç baýlyklarymyzy dürli ugurlar boýunça dünýä bazaryna çykarmaga şert döredýär.Dünýäniň möhüm energetika döwleti hökmünde Türkmenistan bu sebitde örän uly orun tutýar. Halkara şertnamalaryna laýyklykda 2009-njy ýylyň dekabrynda Türkmenistan Hytaý we 2010-njy ýylyň ýanwarynda Türkmenistan –Eýran täze gaz geçirjileri ulanyşa berildi.Türkmenistan Hytaýa barýan gaz geçirjisi arkaly 30 ýylyň dowamynda her ýyl Türkmen gazynyň 40 milliard kubmetre iberilýär.Gözbaşyny Amyderýanyň sag kenaryndaky Samandepe ojagyndan alyp gaýdýan gaz geçirjiniň uzynlygy 7-müň kilometre golaý bolup onuň 184,5 kilometri öz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýär.Hytaýa iberilýän gazy arassalamak maksady bilen Samandepe-de 2009-njy ýylda gaz arassalaýan zawod guruldy.
Türkmen-Eýran eksport edilýän tebigy gazyň möçberi ýylda 14 milliard kubmetre ýetýär. Şonuň 8 milliard kubmetri ýurdumyzyň günorta günbataryndan geçýän Körpeje-Gurtguýy 6 milliard kubmetri bolsa, 2010-njy ýylda ulanylmaga berlen taslama kuwwatlygy, 12 milliard kubmetr bolan Döwletabat-Sarahs Hangeran gaz geçirjisi boýunça iberilýär. Bu gaz geçirjiniň Döwletabat gaz ýatagyndan Eýran bilen serhede çenli uzynlygy 30,5 kilometre deňdir.
Häzirki wagtda Hazarýaka Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň gurluşygy hem dowam edýär.Türkmen-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi taslamasynyň amala aşyrylmagy bolsa Aziýa sebitiniň ýurtlarynda energetika howpsyzlygyny üpjün etmekde Türkmenistanyň eýeleýän ornuny has ýokarlandyrmaga ýardam eder. Taslamanyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasyna laýyklykda, umumy uzynlygy 1735 kilometr, ýyllyk kuwwaty 33 milliard kubmetr bolan TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy 2015-nji ýylyň dekabrynda ýurdumyzda başlandy.
Taslama Russiýa Federasiýasy, ABŞ we dünýäniň birnäçe beýleki döwletleri, şeýle hem halkara maliýe edaralary, şol sanda, Aziýa ösüş banky tarapyndan makullandy.
2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 23-de Saud Arabystan Patyşalygy hem Türkmen-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijiniň gurluşyk taslamasyny goldady.
Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawody Türkmenistanda
açyldy. 2019-njy ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň açylyş dabarasy bolup geçdi. Bu zawod Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňelder. Tebigy gazdan sintetiki awtomobil ýangyjyny öndürmekde dünýäde ilkinji uly möçberli taslama bolan 1 milliard 786 million kubmetr gazy gaýtadan işlär. Zawodyň taslama kuwwaty Euro-5 standartyna laýyk gelýän A-92(RON-92) kysymly benziniň 600 müň tonnasyny, arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasyny we suwuklandyrylan uglewadorod gazyň 115 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Bu zawod tebigy gazdan çykýan önüme bolan islegi has hem artdyrar.
Garaşsyz baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistan häzirki wagtda dünýäniň uglewadarod çig mallarynyň gorlaryna baý döwletleriniň hataryna girmek bilen, ýangyç energetika ulgamynda ägirt uly taslamalary işläp taýýarlamakda hem-de olary üstünlikli durmuşa geçirmekde, bu uguryň işgärleriniň tutan ýerli işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.
,,Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda “ edara kärhanalarda işleýän ählisi milli Liderimiziň ,,Diňe öňe jan Watanym Türkmenistan” şygyryny özlerine ýol-ýörelge edinýärler.
Bu ugurda işleýän işgärlerimiz arman-ýadaman, gijesini-gündiz edinip, ýokary görkezijiler bilen zähmet çekip her bir şanly wakalarymyza toýdyr- baýramlarymyza, toý sowgatly barmagy özlerine maksat edinýärler.
Ýangyç energetika toplumyny ösdürmekde we kämilleşdirmekde uly mümkinçilikleri döredip, beren Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!.
Toýly MYRATGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministirliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby.
Teswirler