“EKSPO-2025” bütindünýä sergisinde türkmen pawilýony ýerleşdirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow resmi saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän “EKSPO-2025” Bütindünýä sergisine gatnaşdy we Türkmenistanyň milli pawilýonyny synlady. Bu barada ýurduň resmi metbugaty habar berýär.

Saparyň dowamynda döwlet Baştutany sergi bilen tanyşyp, hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Çärä Ýaponiýanyň “EKSPO-2025” sergisi boýunça ministri Ito Ýosikata hem gatnaşdy.

Prezident çykyşynda halkara serginiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda we Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekdäki ornuny nygtady. Milli pawilýonda sergä gelenlere ýurduň medeniýeti, tebigaty hem-de häzirki döwrüň üstünlikleri barada 3D animasiýa arkaly taýýarlanan wideoşekiller görkezildi. Pawilýonyň ikinji we üçünji gatlarynda Arkadag şäheri, degişli ministrlikleriň hem-de pudak edaralaryň sergi eksponatlary ýerleşdirilip, myhmanlara milli tagamlar hödürlenildi.

Pawilýonyň binagärlik taslamasy “Belli” hojalyk jemgyýeti tarapyndan işlenip düzülipdir. Binanyň üçburç görnüşli keşbi hereketi we ösüşi alamatlandyryp, adamlar tarapyndan uly gyzyklanma döredýär. Gümmez görnüşindäki üstki bölegi bolsa milli amaly-haşam sungatynyň elementleri bilen bezelen bolup, onuň daşky görnüşi Garagum sährasynyň tebigy gözelligini ýadyňa salýar.

Sülgün NEPESOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok