Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ajaýyp ýurdumyz Türkmenistan öz halkynyň gadymy taryhynyň we baý medeni mirasynyň aýdyň beýany bolup hyzmat edýän gymmatlyklara we taryhy genji-hazynalara baýdyr. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý medeni-taryhy mirasyny gorap saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Bu ugurda Türkmenistan 1993-nji ýyldan bäri agzasy bolan Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, Ylym we Medeniýet meseleleri boýunça guramasy – ÝUNESKO bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň hatarynda dünýä ýurtlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda gatnaşyklaryň giňeldilmegi arkaly parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek bar.
ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde ýurdumyzda müňden gowrak taryhy-medeni ýadygärlik hasaba alyndy. Bu sanawda aýratyn orun eýeleýän Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly taryhy ýerler ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Türkmenistanyň taryhy-medeni gymmatlyklaryny wagyz etmek we ýaş nesli milli mirasa hormat goýmak ruhunda terbiýelemek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Ýaş nesliň bilim almagy, hünär öwrenmegi we öz geljegini gurmagy üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Goý olaryň tutýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Mekan ŞAMAMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Jemgyýeti öwrenişi we ylymlary kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler