Şu gün Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Toý mekany” merkezinde, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilen Aşgabatda ilkinji gezek türkmen we dünýä modasynyň öňdebaryjy dizaýnerleriniň, daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, hususan-da, «Al Arabiya TV», «Al Dubai Arabiya TV», «Fashion TV» teleýaýlymlarynyň, «Vanity Fair», «Vogue», «Marie Claire Arabia», «Grazia», «Elle» žurnallarynyň, «Fashion Network» gazetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda halkara moda görkezilişi guraldy.
Çärede Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, şeýle hem «Mähirli zenan», «Jennet tagty», «Mynasyp», «Nagyşly güzer», «Gölli», «Aina Sari», «Aýperi» modalar öýleriniň milli däpleri döwrebap biçüwler bilen utgaşdyryp taýýarlan lybaslary görkezildi.
Teswirler