Türkmen ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp waka

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 16-njy noýabrynda paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň dürli ulgamynda, zähmetde hem döredijilikde aýratyn tapawutlanan, alnyp barylýan döwlet ähmiýetli jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşyp, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşandyny goşan ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu bolsa ýaşlar üçin gapysyny giňden açan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kalplary hyjuwdan, buýsançdan doly ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak ajaýyp wakadyr.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş raýatlary hemmetaraplaýyn goldamagyň nusgalyk ulgamy döredilip, ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, milli mirasymyza sarpa goýýan watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi, özlerine bildirilýän ynama mynasyp jogap edip dürli ugurlarda uly üstünlikleri gazanýan, ýokary döredijilik başarnygyny görkezýän ýaşlarymyzyň sanardan kändigi örän buýsandyryjydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda üstünliklere beslenýän Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaşlar tarapyndan doly goldanylýar, ýaşlaryň jemgyýetçilik işjeňliginiň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagyna, durnukly ösüşi üpjün etmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen çärelere möhüm orun berilýär.

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça yglan edilen bu bäsleşikde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan hödürlenen ýaşlaryň 135-si mynasyp boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu abraýly baýraga mynasyp bolan ýaşlar öz gazanýan üstünlikleri bilen, Milli Liderimiziň hem-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barylýan içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirýän beýik özgertmelerini, eziz halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetli ajaýyp wakalary il arasynda, şol sanda dünýä ýüzünde wagyz etmekde ýokary döredijilik işjeňligini görkezen kämil ynsanlar, bagtyýar ýaşlardyr.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda amal edilýän şeýle asylly işler türkmen ýaşlaryny ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşiniň, mähriban halkymyzyň abadan ýaşaýşynyň, bagtyýar durmuşynyň bähbidine uly joşgun, yhlas, halal zähmet, gujur-gaýrat bilen täze-täze üstünlikleri gazanmaga ruhlandyrýar.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok