1-nji noýabrda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilenine 31 ýyl bolýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, kadaly pul dolanyşygynyň we ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. Alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň strategik ugurlary pul dolanyşygynyň durnuklylygyny hem-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ilatyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmekden, bank ulgamynyň halkara maliýe bazarlaryna utgaşykly aralaşmagy üçin oňaýly makroykdysady şertleri döretmekden ybarat bolup durýar».
Dünýä tejribesiniň giň mümkinçilikleriniň öwrenilmegi we önümçilige ornaşdyrylmagy arkaly bank hyzmatlarynyň ençemesiniň ilata hödürlenilmeginiň, nagt däl hasaplaşyklaryň geriminiň has-da giňeldilmeginiň hasabyna ýola goýlan pul dolanyşygynyň netijeliligi ösüşleriň berk binýady bolup hyzmat edýär. Munuň özi ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, ykdysadyýetimiziň diwersifikasiýa ýoly bilen innowasion ösüşini üpjün etmekde hem möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» we oýlanyşykly pul-karz syýasatyna laýyklykda, milli pulumyzyň hümmetini durnukly derejede saklamak, ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny karzlaşdyrmak boýunça işler giň gerimde dowam etdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ýurtda hereket edýän pul birligimiz bolan manadyň hümmetini durnukly derejede saklamagyň, onuň satyn alyjylyk ukybyny yzygiderli ýokarlandyrmagyň aýratyn ähmiýete eýedigini nygtaýar. Bu döwlet ähmiýetli wezipe köpsanly toplumlaýyn işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegini talap edýär. Ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, senagatlaşdyrmak syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi manadyň durnuklylygyna gönüden-göni oňyn täsirini ýetirýär. Aýlyk zähmet haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň, pensiýalaryň, talyp we diňleýji haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagy puluň durmuş-ykdysady ösüşdäki ornuny berkidýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlary bilen milli manadymyzyň hereketiniň döwrebaplaşdyrylmagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy öz oňyn netijelerini berýär. Munuň şeýledigini onuň işjeňligini ýokarlandyrmak, aýlanyşygyny kämilleşdirmek babatdaky işleriň mysalynda-da görmek mümkin.
Bibiäşe JUMAMYRADOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.
Teswirler