Daşoguz welaýatynda gyş sarymsagyny ekmek işleri başlandy. Bu ýerde sarymsak üçin ýene-de 780 gektar ýer bölünip berlipdir.
Welaýatyň Akdepe etrabynda sarymsagy köp ekýärler, ol ýerde ekerançylar gektaryň hasyllygyny ortaça 80 sentnere ýetirip, 1680 tonna sarymsak ýygnamagy meýilleşdirýärler, şeýle hem Boldumsaz etrabynda hem 1200 tonna sarymsak hasylyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, hünärmenleriň pikiriçe, sarymsagyň howa we ýerli şertlerde yzygiderli köpçülikleýin ösdürilmegi üçin gowy geljegi bar. Bu bolsa, öz gezeginde, döwletiň içerki agrosenagat toplumy üçin öndürilen oba hojalyk önümleriniň mukdaryny ep-esli ýokarlandyrmak, şol sanda ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýerden we suwdan tygşytly peýdalanmak arkaly sarp ediş bazaryny dürli görnüşli witamin önümleri bilen doldurmakda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülmegine goşant goşar.
Teswirler