Ýurdumyzda çagalaryň oňaýly öwrenmegi üçin zerur bolan dürli görnüşli oýunlary we oňa degişli oýunjaklary öndürýän “ThinkSmart” kompaniýasynyň resmi hyzmatdyşy bolan “Netijeli Binýat” hususy kärhanasy ýakynda «Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşdy.
Kanadanyň “ThinkSmart” kompaniýasynyň wekili bu sergide öz alyp barýan işleri dogrusynda:-“Baş maksadymyz kiçi ýaşly çagalaryň öwrenmek endiklerini kämilleşdirip, olary has ýagty geljege itermekden ybarat” – diýip belläp geçdi. 3 ýaşdan başlap, 12 ýaşa çenli bolan çagalar üçin niýetlenen, stoluň üstünde oýnalýan intellektual oýunlary öndürýän bu kompaniýanyň önümleri çagalaryň iňlis dilini kämilleşdirmekligine ýardam bermek bilen birlikde, olaryň kiçi ýaşdan ylyma bolan gyzyklanmalarynyň hem artmagyna ýardam edýär.
“Oýna, öwren, özger, parla!” atly şygary özlerine baş maksat edinýän “ThinkSmart” kompaniýasynyň stoluň üstünde oýnamak üçin niýetlenen oýunlary çagalara ylymda matematika, himiýa, biologiýa ýaly dersleri; uly ýaşly çagalar üçin bolsa fizika, algebra, geometriýa, geografiýa ýaly dersleri içgin öwrenmeklerine mümkinçilik berýär.
Şol sanda, “emeli aňyň” esasynda dolandyrylýan robot tehnikasy ugruny hem öz içine alýan bu kompaniýanyň önümleriniň üsti bilen, çagalar kiçi ýaşdan robotlary özbaşdak düzmäge hem ukyply bolýarlar.
Belläp geçsek, kanadaly kompaniýanyň bu önümleri çagalarda sanly, döredijilikli, logiki, strategiki we şertlerä görä pikirlenmek, sözleýiş ukyby, algoritmleşdirmek ýaly başarnyklary kämilleşdirýär.
Şeýle-de, bu kompaniýanyň Kanadada ýerleşýän ýörite okuw merkezi hem (Canadian Learning Centre) hereket edýär. Bu bolsa, çagalara diňe bir öwrenmäge ýardam bermän, eýsem öwrenmäge höwesli bolan çagalaryň ekosistemasyny hem emele getirýär.
Türkmen telekeçileri, hususanda, “Netijeli Binýat” hususy kärhanasy “ThinkSmart” ýaly daşary ýurtly kompaniýalar bilen eýýäm birnäçe ýyl bäri üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýarlar.
Teswirler