Ajaýyp zamanamyzda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp hem döredijilikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýadawsyz aladalary hem yhlasy bilen eziz Diýarymyz durnukly ösüş ýolundan barýar. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli bilim ulgamy dünýä ülňülerine laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Munuň özi ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk ylym-bilim almaklaryna, öz saýlap alan hünärleri boýunça ýokary taýýarlykly hünärmenler bolup ýetişmeklerine giň mümkinçilikleri döredýär.
Ylmy-tehniki ösüşiň iň täze gazananlary bilen enjamlaşdyrylan ak mekdeplerde diňe bir döwrebap bilimleri almak bilen çäklenmän bedenterbiýe, sport bilen meşgullanyp ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmaga, zehin başarnygyňy ýüze çykarmaga döredilýän mümkinçilikler hem örän ulydyr. Men ony öz bagtyýar durmuşymyň mysalynda hem aýdyp biljek. Ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän birnäçe bäsleşiklerine höwes bilen gatnaşdym. 2023-2024-nji okuw ýylynda “Altyn asyryň altyn zehinleri” ady bilen mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilýän ders bäsleşiginiň etrap tapgyrynda rus dili dersi boýunça II orna mynasyp boldum. Gowy okamagym, şeýle bäsleşiklere gatnaşmagym durmuş ýolumyň ilkinji basgançaklarynda maňa şowlulyklary bagyş edýär.
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýip atlandyrylan ajaýyp baýramçylyk ýylynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Giriş synaglaryndan üstünlikli geçip, ýurdumyzyň iň baýry ýokary tehniki okuw mekdepleriniň biri bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Meniň begenjimiň buýsanjymyň çägi ýok.
Bu ýokary okuw mekdebini saýlap almagym hem ýöne ýere däldir, çünki Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary hem yhlasy bilen ýurdumyz giň giden gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Il-ýurt bähbitli binagärlik-gurluşyk taslamalary amala aşyryldy. Bu gün bolsa, ol beýik işler mähriban Prezidentimiz-Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan güýçli depginler bilen dowam etdirilýär. Şeýle asylly maksatlara mynasyp goşant goşmak meniň baş maksatlarymyň biridir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly ajaýyp eserinde “Ýaşlar bilen geljegimizi gurýarys” diýmek bilen ýaşlara uly ynam bildirýär. Nesip bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň wesýetlerine wepaly bolup, ýiti pähim-paýhasyndan dörän çuň many-mazmuna ýugrulan gymmatly eserlerinden ruhlanyp, mähriban Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemek üçin yhlasly okap-öwreneris, eziz ýurdumyza, mähriban halkymyza gerekli hünärmen bolup ýetişmek üçin güýç-gaýratymyzy gaýgyrmarys.
Pursatdan peýdalanyp, bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere beslenýän Bitarap ýurdumyzda ylymy-bilimi ösdürmekde, sanly ulgamyň gurluşygyna gowy düşünýän, dünýä ylmynyň gazanan iň öňdebaryjy tehnologiýalaryna erk etmegi başarýan, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, öz käriniň ussady bolan döwrebap hünärmenleri ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza talyp ýüregimden çykýan köp-köp sagbolsunlarymy aýdýaryn.
Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt we döwlet ähmiýetli tutýan berk binýatly tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin !
Azat ÝEDYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler