Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY bilen Jumamyrat Şamyradowiç Gurbangeldiýew Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine bellenildi we ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory wezipesinden boşadyldy.
Jumamyrat Şamyradowiç GURBANGELDIÝEW
1970-nji ýylda Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde doguldy. 1992-nji ýylda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlady. Bilimi boýunça hünäri taryh, hukuk we jemgyýeti öwreniş mugallymy.
Zähmet ýoluna 1992-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 54-nji orta mekdepde taryh mugallymy wezipesinde başlady. 1992 — 1998-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Gündogary öwreniş bölüminiň aspiranty, uly ylmy işgäri. 1998-nji ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň bölüminiň kiçi ylmy işgäri. 1998 — 2003-nji ýyllarda Aşgabat şäherindäki türkmen-türk mekdep-internatynda taryh we geografiýa mugallymy bolup işledi.
2001 — 2003-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Taryh institutynyň uly ylmy işgäri. 2003 — 2008-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Türkmenistanyň Merkezi Aziýa we Gündogar halklarynyň medeni mirasy döwlet institutynyň “Miras” halkara ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň redaksiýasynda dürli wezipelerde işledi.
2008 — 2012-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gumanitar we tebigy ylymlary kafedrasynyň mugallymy, uly mugallymy bolup işledi. 2012-2013-nji ýyllarda şu institutyň okuw bölüminiň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji. 2013 — 2020-nji ýyllarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory.
2020-nji ýylyň iýulyndan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory.
“Watana bolan söýgüsi üçin” hem-de “Gaýrat” medallary, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna”, “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna” atly ýubileý medallary bilen sylaglanyldy.
Teswirler