Çeper edebiýat – çeper pikirleniş ukybyňy artdyrýar

Ýaşlarda çeper edebiýata bolan höwesi artdyrmak ilki bilen mekdeplerde edebiýat dersine höwes döretmekden başlanýar diýsek ýalňyşmarys. Edebiýat dersi bu edep öwretmek dersi. Ýaşlar näçe köp çeper edebiýaty okasalar olarda şonça-da wizuallaşmak hyýaly güýçlenýär. Wizuallaşma – bu aň düşünjäni, hyýaly işleri kabul etmegi, psihologiki işleriň özara sazlaşygyny emele getirýär. Çeper eserleri okadygyňça millilige bolan hormatyň artýar, sözleýşimiziň baýamagyna getirýär. Çeper eserleri okaýan ýaşlar ýa-da edebiýat bilen gyzyklanmak okyjylaryň türkmençe pikirlenmegini, milli duýgularyny, aýdyň düşünmek ukyplaryny ösdürýär. Söz, duýgy, gözellik, edep-kadalary bilen bagly täze düşünjeleri kemala getirýän çeper eserler şahsyň terbiýesine ters täsir etmeli däldir.

Türkmen durmuşynyň aýratynlyklary, milli egin-eşikleri, durmuş ýörelgeleriniň milliligi, däp-dessurlary, urp-adatlary, galyberse-de baý şöhratly taryhy çeper edebiýatlary okanyňda göz öňüňde janlanýar. Edebi eserleri okanyňda okyjynyň aňynda dörän düşünjeler bilen bir hatarda çeper şekiller hem peýda bolýar. Bu bolsa okyjynyň pikirleniş ukybynyň artmagyna, zehininiň açylmagyna, döredijilikli işlemegine getirýär. Türkmen edebiýatymyz bilen bir hatarda dünýä edebiýaty bilen hem gyzyklanmak ýerliklidir. Dünýä belli ýazyjylaryň döreden çeper eserleri durmuşda öz ýoluňy tapmaklyga, her hili kynçylyklardan baş alyp çykmaga ýardam edýär.

Nigara ROZUKULYÝEWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok