“EURO 2024” haçan başlaýar?

2024-nji ýylda geçiriljek futbol boýunça Ýewropa çempionaty ýagny belli bolşy ýaly “UEFA EURO 2024”-iň başlamagyna az wagt galdy.

14-nji iýunda başlajak we bir aý dowam etjek ýaryşy geçirmek üçin geçirilen bäsleşik 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda Germaniýanyň peýdasyna tamamlandy. Mundan ozal, Germaniýa 2006-njy ýylda geçirilen FIFA dünýä çempionatyny kabul edipdi.

Ýaryşlar, A toparçada ýer eýesi Germaniýa bilen Şotlandiýanyň arasynda Mýunhen şäherinde 14-nji iýunda 22:00-da başlar. Ýewropa futbolynyň iň uly oýnuny kesgitlejek jemleýji oýun 14-nji iýulda paýtagt Berlinde oýnalar.

Ýewropa çempionatynyň resmi aýdymy germaniýaly aýdymçy Leon tarapyndan 14-nji iýulda Berlindäki Olimpiýa stadionynda ýerine ýetiriler. Aýdymyň ady “Fire” (“O:t”) bolup durýar.

“EURO 2024” – 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda geçiriler.

“EURO 2024”-de çykyş etjek ýurtlar we toparlar:

  • A toparda: Germaniýa, Şotlandiýa, Wengriýa, Şweýsariýa;
  • B toparda: Ispaniýa, Horwatiýa, Italiýa, Albaniýa;
  • C toparda: Sloweniýa, Daniýa, Serbiýa, Angliýa;
  • D toparda: Polşa, Gollandiýa, Awstriýa, Fransiýa;
  • E toparda: Belgiýa, Slowakiýa, Rumyniýa, Ukraina.
  • F toparda: Türkiye, Jorjiýa, Portugaliýa, Çehiýa.

Bagtyýar AŞYROW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Kuwwat YK

Jorjiýa däl Gruziýa :)