Mizemez mukaddeslikler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň we Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 32 ýyllygy bellenilip geçilýär.

Baýdak Ýer ýüzünde her bir döwletiň resmi taýdan ykrar edilen döwlet nyşany, şeýle-de her bir halkyň ykbalyny, watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň mukaddes düşünjelerini bitewüleşdirýän gymmatlykdyr. Baýdak her bir ýurduň esasy döwlet nyşany bolup, şol halkyň garaşsyzlygyny, erkinlik hakyndaky düşünjelerini alamatlandyrýar. Konstitusiýa bolsa döwletiň hukuk gurluşyny, ykdysady, syýasy ýörelgelerini kesgitleýär.

Baýdak we Konstitusiýa her bir döwletiň Garaşsyzlygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddesliklerdir. Ýurdumyzda her ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň bir günde bellenilmegi, bu iki mukaddeslige goýulýan hormatdan nyşandyr we milli gymmatlyklarymyza janymyz- -tenimiz bilen ygrarlydygymyzyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy ýurdumyzda Esasy Kanun bolup durýar. Hut şonuň üçin hem Esasy Kanunymyz ýokary hukuk güýjüne eýedir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygy kepillendirilýär. Konstitusiýa ýurdumyzyň hukuk döwleti hökmünde milli gymmatlyklarymyza we halkara ýörelgelere esaslanýan möhüm ulgamyny ösdürmegiň gözbaşynda durýar.

Il-günümiziň şu güni we nurana geljegi üçin uly tagalla edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Arzygül GYLYÇLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok