“Titanik”-däki “iň baý” ýolagçynyň altyn sagady satyldy

1912-nji ýylyň 15-nji aprelinde buz dagyna degeninden soň Demirgazyk Atlantik ummanynyň suwuna gark bolan “Titanik” gämisiniň iň baý ýolagçysynyň altyndan ýasalan jübi sagady auksionda rekord baha satyldy.

Altyndan ýasalan jübi sagady “Titanik” gämisindäki iň baý ýolagçynyň jesedinden tapyldy we 1,2 million ýewro satyldy. Auksion işgärleri bu sagadyň ABŞ-daky hususy kollektorlara satylandygyny mälim etdi.

Auksionçylaryň bellemegine görä, mundan öň 2013-nji ýylda “Titanik”-den tapylan skripka 1,1 million ýewro satylypdyr. Skripka gutusy bolsa başga bir auksionda 360 müň funt sterlinge satyldy.

Sagadyň hakyky eýesi, telekeçi Jon Jeýkob Astor, aýaly Madelini halas ediş gämisine mündüreninden soň, özi “Titanik” bilen 1912-nji ýylda 47 ýaşynda suwa gark bolupdy.

Baý Astor maşgalasynyň görnükli agzasy Jon Jeýkob Astoryň jesedi 7 günden soň Atlantik ummanyndan tapyldy. Onuň ýanynda “JJA” ýazgyly 14 karatlyk sap altyn “Waltam” jübi sagady bardy. Astor “Titanik” gämisiniň iň baý ýolagçysydygy mälim.

Astor şol döwürde dünýäniň iň baý adamlaryndan biri hasaplanýardy. Onuň şol wagtky takmynan 87 million dollar baýlygy, häzirki wagtda birnäçe milliard dollara barabardyr.

Jeren MURADOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky
mugallymçylyk mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok