Halkara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri artýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda möhüm sebitara we ählumumy meseleleri çözmekde işjeň orny eýeleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzyň «Açyk gapylar» syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem dünýä ýurtlary bilen dostluk, ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga aýratyn orun berilýär, köpýyllyk gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň mümkinçilikleri babatynda halkara maslahatlar, sergiler, duşuşyklar gurnalýar. Şeýle hem abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki guramalaryň çäklerinde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine, özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, ýurtlaryň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň, Türkmenistanyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, howpsuzlyk, bilim we tejribeli döwlet gullukçylaryny taýýarlamak boýunça başlangyçlary işjeňleşdirmekde hem-de BMG-niň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ornuny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda, maglumatlary alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm meselelere üns berilýär.

Bitarap Türkmenistan ýurdumyz parlamentara, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, energetika, himiýa senagaty, ulag, hünärmenleri taýýarlamak, internet, sanlylaşdyrmak, kiberhowpsuzlyk, emeli aň ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça zerur işleri alyp barýar.

Şeýle-de daşky gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak meselesi-de ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň başlangyçlaryny durmuşa geçirmekleri üçin alnyp barylýan işleriň esasy ugurlary we mümkinçilikleri kesgitlenildi.

Umuman, ýurdumyzyň daşary syýasatynda alnyp barylýan halkara derejeli möhüm wakalar, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň mundan beýläk-de ösüş ýoly bilen öňe gitmegine ýardam bermäge gönükdirilen çäreler hem-de gazanylan netijeler Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ugurda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça netijeli işleriň amal edilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Aýbarçin RAŞIDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we
ösüş uniwersitetiniň žurnalistika
hünäriniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok