Türkmen hokkeýçilerine abraýly halkara ýaryşlar garaşýar

Aprel aýynda Aşgabat şäherinde halkara hokkeý ýaryşy geçirilýär. Toparlar ýeňiş üçin güýçli bäsleşip, buzda öz başarnyklaryny we tutanýerliligini görkezer.

Ýeri gelende belläp geçsek, 18 ýaşa çenli türgenleriň arasyndaky dünýä çempionaty hakynda aýdanymyzda, türkmenistanly hokkeýçiler bu abraýly ýaryşyň üçünji diwizionynda ilkinji gezek çykyş ederler. Dünýäniň birinjiligi 4 — 8-nji mart aralygynda Keýptaun şäherinde (Günorta Afrika Respublikasy) geçer. Biziň ýygyndymyzyň toparçadaky garşydaşlary hakynda aýdyp geçsek, şolaryň biri ýer eýeleri, beýlekiler bolsa Tailandyň hem-de Gonkongyň ýygyndy toparlary bolar. Bir ýerde ýeňiş gazanan topar ikinji diwizionda çykyş etmäge mümkinçilik alar.

Erkekleriň arasyndaky dünýä çempionatynyň üçünji diwizionynyň «А» toparçasynyň duşuşyklary bolsa 8 — 16-njy mart aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde geçer. Ikinji diwiziona çykmak ugrundaky göreşe türkmen ýygyndysyndan başga-da, Meksikanyň, Lýuksemburgyň, Tailandyň hem-de Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndy toparlary gatnaşarlar.

Täzegül JUMAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok