Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Aşgabat» gazetiniň redaksiýasynyň Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde yglan edýän «Gündogar edebiýatynyň genji-hazynasy» atly Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny, paýhas hazynasyny dünýä ýaýmakda edilýän tagallalar hem-de dürli dillerdäki neşir ýygyndylary baradaky makalalaryň, şahyryň goşgularyna düşündiriş berýän ylmy-çeper işleriň, gymmatly maglumatlara baý edebi eserleriň bäsleşiginiň Düzgünnamasy
Bäsleşigiň maksady:
Eziz Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny döwlet hem-de halkara derejesinde düýpli öwrenmekde, dürli dillere terjime etmekde we goşgular ýygyndylaryny çap etmekde alnyp barylýan işler baradaky taryhy hem-de häzirki maglumatlar bilen halkymyzy ýakyndan tanyşdyrmak, bu ugurdaky işleriň möhüm ähmiýetini wagyz etmek.
Bäsleşigiň şerti:
Bäsleşige paýtagtymyzda ýaşaýan, döredijilik bilen meşgullanýan ildeşlerimiz gatnaşyp biler. Döredijilik bäsleşigine möçberi 4 kagyzdan köp bolmadyk, öň metbugat serişdelerinde çap edilmedik makalalar kabul edilýär. Makalalarda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli ýyllarda neşir edilen türkmen we daşary ýurt dillerindäki ýygyndylary, bu ugurda alymlaryň alyp baran işleri dogrusynda takyk maglumatlar görkezilmelidir.
Bäsleşigi jemlemek:
Makalalar 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 30-na çenli kabul edilip, olaryň iň gowulary gazetde çap ediler. Döredijilik bäsleşigi Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda jemleniler. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-96-24, 39-96-34.
Teswirler