Halk Maslahaty – Döwletliligiň, agzybirligiň, rowaçlygyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet syýasatymyzyň tutuş many-mazmunyny özünde jemleýändigi babatda hem-de döwletliligi berkitmegiň ähli jähetlerini hukuk taýdan kemala getirmekde, döwletiň we jemgyýetiň ösüşleriniň hemme tapgyrlaryny guramaçylyk-hukuk taýdan esaslandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň möhüm ähmiýeti bardyr.

Ata-babalarymyzyň nesillerimize miras goýan pähim-paýhaslylyk ýörelgelerini kämilleşdirmek, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly däplerinden ugur alyp we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen halkynyň milliligine mahsus kadalara esaslanýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň dolandyryş çözgütleriniň ähmiýeti uludyr.

Ýakynda, 18-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde hem taryhy ähmiýetli çözgütler kabul edildi. Mejlisiň dowamynda mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meseleler, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň 14-nji iýulda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmek babatynda edilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli dolandyryş çözgütleri kabul edildi. Şonuň ýaly hem bu mejlisde «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda», «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararlary kabul edildi we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Ýaşulular geňeşi döredildi. Kabul edilen taryhy çözgütleriň dolandyryş ulgamynyň syýasy-hukuk esaslaryny kämilleşdirmekde ähmiýetiniň uly boljakdygyny buýsançly bellemek gerek.1

Döwletliligiň, agzybirligiň, abadançylygyň, rowaçlygyň berk binýady bolup durýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhyny, alyp barýan işleriniň köpugurlydygyny, onuň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini, hukuk esaslaryny ylmy taýdan esaslandyryp, wagyz-nesihat çärelerini, duşuşyklary geçirmek professor-mugallymlaryň mukaddes borjudyr.

Ogulmaral ÝALKAPBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok