SAMBO buýunça dünýä çempionatynda Türkmenistan 5 medal gazandy

Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde Aziýa we Okeaniýa ýurtlarynyň arasynda sportyň Sambo görnüşi boýunça dünýä çempionaty geçirildi.


Sambo we söweş görnüşi boýunça erkekleriň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda 64 kilogram agram boýunça ildeşlerimiz Meýlis Niýazmeňliýew hem-de Kerimberdi Döwletow ilkinji üçlükden ýer aldylar.

Şeýle-de 79 kilogram agramda Şatlyk Çaryýew bürünç medaly, 88 kilogram agramda Parahat Bäşimow kümüş medal, 64 kilogram agram boýunça Muminjan Arzikulow bronza medal gazanmagy başardy.

Umumy maglumatlar boýunça SAMBO boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistan jemi 5 medal gazandy.

Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok