Düýn Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag, röwşen ertirimiz Arkadagly Serdar» atly dabaraly maslahat we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi geçirildi.
Bu dabaraly maslahata Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň direktory Annaçaryýew Nurmyrat, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Çaryýew Meret, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Orazow Ismail, Gökdepe milli muzeýiniň direktory Hydyrow Merdan, Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň direktory Nurmämmedowa Aýlar, Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň direktory Nurmyradow Röwşen, Daşky gurşawy goramak gullugynyň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň tokaýlaryň we öri meýdanlaryň ekologiýasy bölüminiň ylmy işgäri Amanberdiýewa Enebaý, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Saparmyradowa Göwher, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Amangeldiýew Guwançmyrat, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň direktory Hydyrow Ýazberdi dagylar çykyş edip, özleriniň çykyşlarynda ýurdumyzda milli mirasymyzy gorap saklamakda, medeni gymmatlyklarymyzy sarpalamakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan beýik işleri belent başlangyçlary dogrusynda buýsançly nygtadylar.
Muňa bolsa Arkadag şäheriniň «Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň» aýdyň şaýatlyk edýändigini belläp bu muzeýde bürünç we demir asyrlarynyň, neolit we eneolit eýýamlarynyň, orta asyrlaryň we beýleki döwürleriň belli ýadygärlikleriniň ýerleşdirilmeginiň şeýle hem süňkden we misden ýasalan gadymy önümler, nagyşly keramiki gap-gaçlar, terrakota heýkeljikleri, bürünç möhürler we kümüş şaý-sepler, owguçlar, däp-dessurlarda ulanylan zatlar we beýleki köp sanly artefaktlar muzeýde jemlenmeginiň düýp sakasynda, biziň mirasymyzy öwrenmekde, ony geljekki nesillere ýetirmekde alnyp barylýan maksadaokgunly işleriň netijesi diýip çykyşlarynda belläp geçdiler. Sanly ulgamyň mümkinçilikleri muzeý gymmatlyklaryny öwrenmekde aýratyn ähmiýete eýedir.
QR kodlaryň ýerleşdirilmegi muzeý gymmatlyklary bilen bagly maglumatlary gysga wagtda öwrenmeklige şert döredýär.
Täçnabat IGDIROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
talyby.
Teswirler