Mälim bolşy ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji maýda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.
Saparyň çäklerinde Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we ol ýerde şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen gyzyklandy.
Gahryman Arkadagymyz täze — 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy we bu ulgamyň ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýandygyny belledi.
123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüztutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we «Tiz kömek» merkezlerine maglumat berýär hem-de bu ugurda zerur işleriň geçirilmegini guraýar. Şeýlelikde, döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar. Bu bolsa adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär.
Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ähli işleriň sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde durýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Ýusup HALMYRADOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler