Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly üstünlikli amal edilýän düýpli ykdysady özgertmeleriň döwrüdir. Arkadagly Serdarymyzyň badalga beren düýpli özgertmeleri milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly we durnukly ösüşini üpjün edip, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi berýär. Halk hojalygymyzyň dürli pudaklaryna öňdebaryjy tehnologiýaly önümçilik kuwwatlyklary işe girizilmek bilen, sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige uly üns berilýär. Ýola goýulýan ykdysady özgertmeler täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň hasabyna uly üstünliklere beslenýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň çar künjeginde kämil tehnologiýaly döwrebap kärhanalar ulanmaga berilmegi ähli raýatlarymyzy buýsandyrýar hem begendirýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ýerini tutýan ýokary hilli, bäsleşige ukyply önümleriň öndürilmeginde oňyn netijeler gazanylýar. Eksport edilýän harytlaryň mukdarynyň artdyrylmagynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Bu bolsa Türkmenistan döwletimiziň durnukly ösüş depgininiň rowaçlanýandygyna, ösüşiň aýdyň ýoly öňe barýandygyna doly güwä geçýär. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler döwrümiziň şanyna şan, ösüşlerine ösüş goşýar, oňyn özgertmeleriň bady artýar. Şeýle tutumly işleriň türkmen ýaşlarynyň ylym-bilim alyp, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen sazlaşykly utgaşdyrylýanlygy bolsa biziň guwanjymyzy has hem goşalandyrýar.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň çäklerinde elektron senagaty ösdürmegiň, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri işjeň ýagdaýda peýdalanylýar. Çünki ylym-bilim ulgamynda sanly ulgamyň ähmiýeti diýseň ýokarydyr. Sanly ulgamyň täze gazananlary, öňdebaryjy ugurlary, täzeçe usullary bagtyýar ýaşlara uly mümkinçilik bolup, hünär öwretmekde giň şertleri döredýär. Şonuň üçinem bilim ulgamynda sanly ulgama geçmek bilen bagly tagallalar bu günki günde özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Köptaraplaýyn bähbitli sanly ulgama geçilmegi ýaş nesle bilim bermegiň hilini ýokarlandyrýar, ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Çünki bu ugur häzirki döwrüň wajyp wezipesi, möhüm talaby bolup çykyş edýär. Şeýle asylly başlangyçlar, beýik işler bolsa gazanylýan üstünliklere, öňde ýetilmeli belent sepgitlere uly badalgadyr.
Timur HALMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler