Düýn Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda <<Parahatçylygyň ýaş çaparlary>> atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýny geçirildi.

<<Parahatçylygyň ýaş çaparlary>> atly akyl-paýhas bäsleşiginiň <<Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatk mirasynda parahatçylyk medeniýeti>> atly umumy şygar astynda geçirilýän final oýny <<Parahatlyk daragty-nesiller dowamaty>> diýlip atlandyryldy.
Final oýnunyň netijesinde Yhlas Hallyýew baş baýraga, Aýgül Sähedowa I orna, Döwletmyrat Arazow we Dawut Gezerow II orna, Güljan Serdarowa, Mekan Agahanow, Azat Amansähedow hem-de Anwar Bekmedow III orna mynasyp boldular.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Ýaş diplomatlar mekdebi mekdep partasyndan halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmen bolmagy maksat edinden hünärmenleri ýetişdirmekde uly işleri alyp barýar. Akyl-paýhas bäsleşigi bolsa muňa aýdyň mysal bolup durýar.
Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we baýraklar gowşuryldy.
Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Surata düşüren,
Taňryberdi MYRATLYÝEW.
Teswirler