Akyl-paýhas bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy!

Düýn Halkara gatnaşyklary institutynda hereket edýän Ýaş diplomatlar mekdebiniň guramagynda  <<Parahatçylygyň ýaş çaparlary>> atly akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň final oýny geçirildi.

<<Parahatçylygyň ýaş çaparlary>> atly akyl-paýhas bäsleşiginiň <<Dialog-parahatçylygyň kepili: gadymy eýýamyň diplomatk mirasynda parahatçylyk medeniýeti>> atly umumy şygar astynda geçirilýän final oýny <<Parahatlyk daragty-nesiller dowamaty>> diýlip atlandyryldy.

Final oýnunyň netijesinde Yhlas Hallyýew baş baýraga, Aýgül Sähedowa I orna, Döwletmyrat Arazow we Dawut Gezerow II orna, Güljan Serdarowa, Mekan Agahanow, Azat Amansähedow hem-de Anwar Bekmedow III orna mynasyp boldular.

Belläp geçsek, häzirki wagtda Ýaş diplomatlar mekdebi mekdep partasyndan halkara gatnaşyklary ugrunda hünärmen bolmagy maksat edinden hünärmenleri ýetişdirmekde uly işleri alyp barýar. Akyl-paýhas bäsleşigi bolsa muňa aýdyň mysal bolup durýar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine diplomlar we baýraklar gowşuryldy.

Kakageldi AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Surata düşüren,
Taňryberdi MYRATLYÝEW.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok