Çeper sözüň hazynasy

Türk­men hal­ky­nyň şöh­rat­ly ta­ry­hy­ny yl­my esas­da öw­re­ne­ni­miz­de mil­li me­de­ni­ýe­te, baý ede­bi mi­ra­sa aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Mu­nuň özi ene di­li­miz­de dö­re­di­len eser­le­riň, aja­ýyp goş­gu­la­ryň gym­mat­ly mi­ras­dy­gy­ny aý­dyň be­ýan ed­ýär. Türk­me­niň akyl­dar şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ede­bi mi­ra­sy­ny öw­ren­mek­de we dün­ýä ýaý­mak­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taý­syz ta­gal­la­sy bi­len uly ro­waç­lyk­la­ra eýe bol­ýar.

Hä­zir­ki wagt­da akyl­dar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry di­ňe bir bi­ziň ýur­du­myz­da däl, eý­sem, dün­ýä oky­jy­la­ryn­da hem gy­zyk­lan­ma dö­red­ýär. Şa­hy­ryň aja­ýyp şy­gyr­la­ry dün­ýä­niň en­çe­me dil­le­ri­ne ter­ji­me edi­lip, giň oky­jy­lar köp­çü­li­gi­ne ýe­ti­ril­di. Akyl­dar şa­hy­ryň goş­gu­la­ry äh­li adam­za­dyň köň­lü­ne nur çaý­ýar, ýag­şy­ly­gy, yn­san­per­wer­li­gi wa­gyz ed­ýär. Be­ýik söz us­sa­dy Mag­tym­gu­ly­nyň şy­gyr­la­ryn­da mert­lik, wa­tan­çy­lyk, aras­sa ah­lak­ly­lyk, te­bi­ga­ta söý­gi, re­him­dar­lyk, ula-ki­çä hor­mat goý­mak, hoş­ni­ýet­li­lik, yn­san­per­wer­lik ýa­ly pi­kir­ler öňe sü­rül­ýär. Akyl­dar Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň umu­ma­dam­zat bäh­bit­li çuň­ňur pa­ra­sata ýug­ru­lan aja­ýyp goş­gu­la­ry bi­ziň her bi­ri­miz üçin ru­hy ha­zy­na­dyr.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy töwerekleýin öwrenilip başlandy. «Magtymguly döwürdeşlerini, halky adalatly jemgyýetiň, bagtly ýaşaýşyň gözbaşynyň nämedigine göz ýetirmäge, bolup geçýän zatlaryň düýp mazmunyna düşünmäge çagyrýardy. Öz iliniň asuda, parahat durmuşda ýaşamagyny, ylymly-bilimli bolmagyny, medeniýetiniň beýgelmegini arzuwlan beýik şahyr halkyna pähim-parasatdan we şirin duýgulardan pürepür bolan ajaýyp şygyrlar hazynasyny miras galdyrdy» diýip, Gahryman Arkadagymyz belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şahyryň doglan gününiň 2024-nji ýylda belleniljek dabaraly toýuna uly ähmiýet berilýär.

Umuman, Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň hersi giden bir dünýä, ondaky çuňňur many-mazmuny, ruhy öwüşgini söz bilen beýan edäýmek aňsat däl. Şu sebäpden, akyldar atamyzyň ruhy mirasyny näçe taryp etsek-de bärden gaýdýar. Onuň her bir sözi dürüň şuglaly dänesidir.

Humaý ALLABERDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok