Milli ykdysadyýetimizde bilelikdäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen, ýaş hünärmenleriň köp dil öwrenmegi, olaryň daşary ýurt dillerinde tejribe geçip bilmegi, özara gatnaşyklary ýola goýmak ukybyny artdyrmagy netijeli häsiýete eýedir. Ýaş nesilleriň kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerinde olaryň dünýä dillerini öwrenmekleri esasy şertleriň biri bolup durýar. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz ýaşlara uly ynam bildirýär.
Daşary ýurt dilleriniň okadylyşynyň usulyýetiniň we usulyýet üpjünçiliginiň halkara tejribesi öwrenilip, bu ugurda döwlet standarty, okuw meýilnamalarydyr maksatnamalary kämilleşdirilýär. Bu ugurda hünärmenleri taýýarlamaga, okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, okatmagyň üznüksiz, yzygiderli we özara baglanyşykly ulgamyny kemala getirmäge uly üns berilýär.
Danalarymyzyň «Köp dil bilen köp biler», «Bir dil bilen bir adam, iki dil bilen iki adam», «Dil bilen dünýäni gezer», «Dil bilen dünýäni açar» diýip belleýşi ýaly, dil öwrenen adamyň dünýägaraýşy-da, gözýetimi-de giň bolýar. Biz geljekki ýaş hünärmenler hem okuw sapaklarynda alan nazary bilimlerimizi has-da berkitmek üçin kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan mekdeplerde okuw tejribeliklerini geçýäris. Bu bolsa biz talyplaryň daşary ýurt dillerini kämil öwrenmegimize, ýokary netijeler gazanmagymyza, belent sepgitlere ýetmegimize uly şert döredýär. Elbetde, dünýä dillerini kämil öwrenmek dürli dillerde halkymyzy, Watanymyzy wasp etmek, milli medeniýetimizi ýaýbaňlandyrmak, ýurdumyzyň ösüşlerini, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, edebiýatda, medeniýetde, oba hojalygynda gazanylýan belent sepgitleri dünýä ýaýmakda ähmiýetlidir.
Goý, eziz Diýarymyzy gülledip ösdürmekde, hünärli, bilimli ýaşlary ýetişdirmekde ähli tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, beýik başlangyçlary mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Gülnar AGABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler