Täze Zelandiýada ýerleşýän bir kompaniýa sagatda 20 kilometre çenli tizlik bilen suwda hereket etmäge ukyply elektrikli tigri öndürmegi başardy. Derýalarda, köllerde we başga-da birnäçe ýerde ulanyp boljak tigriň bahasy 9 müň amerikan dollaryna deň.
«Hydrofoiler SL3» diýlip atlandyrylýan bu elektrikli tigir ilkinji gezek «Manta5» şereketi tarapyndan öndürildi. Sürüjiniň pedaly aýlamagy bilen yzky hereketlendiriji aýlanýar we netijede elektrikli tigriň suwda has ýeňil hereket etmegine mümkinçilik berýär.
Eger-de sürüji pedaly aýlap ýadasa onda tigirdäki elektrik hereketlendirijileri hereket etmäge başlaýar. Tigir kadaly tizlige ýetenden soň, onuň öň tarapy biraz ýokaryk galýar we suwdan biraz ýokarda hereket etmegine mümkinçilik döredýär.
«Manta5» şereketi tarapyndan berlen beýanatda «Hydrofoiler SL3» diýlip atlandyrylýan bu elektrikli tigir ekologiýa taýdan arassa bolup, suwda sürmek üçin bary-ýogy 40 minudyň gerek.
Tigriň uzynlygy 2,2 metr, ini 2 metr we beýikligi 1,4 metr bolup, onuň agramy 40 kilograma deňdir. Elektrikli tigir sagatda 20 kilometre çenli tizlik bilen hereket edip bilýär.
Gurbanmyrat REJEPMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler