Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň talyplary Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Diýar» žurnalynda özleriniň okuw tejribeliklerini geçýärler. Olar bu ýerde gazet-žurnallaryň çapa taýýarlanyşyndaky tapgyrlaýyn işler, makalalara syn bermek, korrektura işleriniň alnyp barlyşy, habarlary ýazmakda temalara ýüzlenmek, türkmen, rus hem-de iňlis dillerinde makalalary ýazmak ýaly birnäçe iş düzümleri bilen tanyş bolýarlar.
Talyplar bu ýerde halypa žurnalistleriň berýän degerli maslahatlaryna eýerip, öz ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Dürli temada ýazylan makalalary bilen «Diýar» žurnalynda yzygiderli çykyş edýärler.
Teswirler