Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy barada

Bügün dostlukly we doganlykly Türkmenistan bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly baẏramyny belleẏäris.

Türkiẏe, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden hem-de öz ilçihanasyny açan ilkinji döwletdir. Ikitaraplaẏyn gatnaşyklarymyz we hyzmatdaşlygymyz, geçen 30 ýylyň içinde halklarymyzyň arasyndaky çuň kökleri bolan taryhy we medeni baglardan möwç alẏan doganlygymyzyň binẏadynda, özara hormat goẏmagyň we umumy bӓhbitleriň esasynda her pudakda özgerip, pugtalandy. Dilimiziň, medeniýetimiziň, ynanjymyzyň we köklerimiziň umumylygy, özara bähbitlerden has-da wajyp bolan köňül baglary bilen bizi birek-birek bilen jebisleşdirýär.

Soňky döwürde ähli ugurlarda bat gazanan ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz, Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna agza bolmagy bilen has-da pugtalanyp, 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň şeẏle-de Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň amala aşyran özara saparlary bilen ẏokary derejӓ çykdy. Öňümizdӓki döwürde söwda, maýa goýumlary, energetika, ulag, medeniýet, bilim hem-de beýleki ençeme ugurlarda özara ӓdilmeli ädimler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygymyzyň gerimini has-da giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga goşant goşar.

Geçen 30 ýyllyk döwürde Türkmenistan, ýurdumyzyň şeẏle-de halkara jemgyýetiniň goldawyny alan “Hemişelik Bitaraplyk” syýasaty bilen, sebitde durnuklylygyñ we rowaçlygyñ üpjün edilmegine goşant goşýar. Türkiýe geçmişde bolşy ýaly, gelejekde-de möhüm özgerişlikleriň we öňe gidişligiň bosagasynda duran Türkmenistanyň ýanynda bolmaga dowam eder. Diplomatik gatnaşyklarymyzyñ ýola goýulmagynyñ 30-njy ýylynyñ bellenilip geçilýän şu şatlykly gününde, Atawatanymyz Türkmenistan bilen, berkarar doganlygymyzy pugtalandyrmaga we hyzmatdaşlygymyzy ähli ugurlarda has-da ösdürmӓge ygrarlydygymyzy ýene-de bir gezek tassyklaýarys.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok